Sepleriň elýeterliligi

Tranum: ‘Bu programmanyň ýapylmagy iki tarapa hem zyýan’


Sam Tranum, Parahatçylyk korpusynyň Türkmenistanda işlän öňki meýletinçisi.

Sam Tranum, Parahatçylyk korpusynyň Türkmenistanda işlän öňki meýletinçisi.

Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy 31-nji awgustda, anna güni, Amerikan Parahatçylyk korpusynyň Türkmenistandaky işlerini şu ýylyň ahyrynda bes edýändigini mälim etdi.

Bu edara Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri iş alyp barýardy. Eýsem bu guramanyň meýletinçileri şunça ýylyň dowamynda nähili işleri amala aşyrdy? Olaryň Türkmenistany terk etmegi ýurda nähili täsir eder?

Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglar bilen gyzyklanyp, 2004-2006-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda Parahatçylyk korpusynyň meýletinçisi bolup işlän, "Türkmenbaşynyň Altyn asyryndaky gündelik durmuş" atly kitabyň awtory Sam Tranum bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda haýsy ýyllarda bolup, haýsy şäherlere baryp gördüňiz?

Sam Tranum: Men Türkmenistanda 2004-nji 2006-njy ýyllar aralygynda bolup, ol ýerde ilki bilen paýtagtyň golaýyndaky Abadan şäherine ýerleşipdim. Ondan soňra Mary welaýatynyň Nurana şäherine göçdüm. Ondan başga-da men ýurduň ähli bäş welaýatynda we uly şäherlerinde bolup gördüm.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana baranyňyzda öz işiňize nämeden başlapdyňyz?

Sam Tranum:
Maňa Abadan şäherindäki Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň edarasynda işlemek tabşyrylypdy. Ol ýerde eýýäm bir kärdeşim bardy, men şonuň bilen işlemelidim.

Azatlyk Radiosy: Şol ýerde işläniňizde nämeler bilen meşgullanypdyňyz?

Sam Tranum: O diýerlik iş edip bilmedim. Sebäbi her gezek bir zat etjek bolanymda, Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň edarasyndaky ýolbaşçym maňa ýol bermezdi. Netijede, onuň menden diňe ofisine degişli kompýuter ýa beýleki enjamlary satyn almak üçin maliýea goldawyny gözläp, dürli edaralara teklip ýazmagymy isleýändigine göz ýetirdim. Ony gyzyklandyrýan iň esasy zat şoldy. Ondan başga-da, men mekdeplerde saglyk barada sapak geçmelidim, emma resmiler köplenç rugsat bermeýärdiler. Meniň pikirimçe, olara daşary ýurtlaryň kömegi gerek däldi.

Azatlyk Radiosy: Parahatçylyk korpusynyň sizden başga meýletinçileri nämeler bilen meşgullanýardylar? Siz bilim we saglyk barada agzap geçdiňiz, bu baradaky proýektleriňiz babatda dolurak maglumat beräýseňiz?

Sam Tranum: Men Türkmenistanda bolanymda, bize esasan iňlis dilini öwretmek ýa-da ýerli mugallymlara ýardam bermek wezipeleri tabşyrylýardy. Beýle diýdigim, meýletinçileriň wezipeleri mugallymlara öz işlerini has täsirli alyp barmaga ýardam etmek hem okuwçylara iňlis dilini öwretmekden ybaratdy. Emma men bulardan hiç birini edip bilmedim. Aslynda men saglyk boýunça meýletinçi bolup işlemelidim.

Parahatçylyk korpusynda maňa adamlaryň arasyna aralaşyp, olar bilen çaý içmek, jemgyýet liderleri bilen söhbetdeş bolmak, olaryň hajatlaryna göz ýetirip, bu ugurda olara kömek etmek maslahat berlipdi.

Biziň alyp barýan işlerimiz köp ugurly bolup, ol käbir ýerlerde halky suw içmäge ündemek bolsa, beýleki ýerlerde bolsa ýöräp bilmeýän adamlary tigirli arabajyklar bilen üpjün etmekdi. Meniň eşidişime görä, kärdeşlerimizden biri şeýle oturgyçlardan ençemesini ýygnap, olary Türkmenistandaky mätäç adamlara paýlap bermegi başarypdyr.

Parahatçylyk korpusynyň maňa beren maslahatlarynyň biri hem arassaçylygy saklamak we WIÇ infeksiýasynyň ýokaşmagynyň öňüni almak barada mekdeplerde leksiýa bermekden ybaratdy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Tranum, Türkmenistanda bitiren işleriňiz hakda käbir takyk mysallary getirip biljekmi?

Sam Tranum: Men Abadan şäherinde bolanymda adamlar bilen örän köp aragatnaşyk sakladym. Emma etjek bolan işlerimiň ençemesi başa barmandy. Meselem, 8-nji orta mekdebiň ýolbaşçylarynyň biri ýanyma gelip: “Biziň mekdebimiziň ýyladyş sistemasy eýýäm 12 ýyldan bäri işlänok, sowuk howa zerarly gyşda sapaklary gysgaltmaly bolýarys, çünki çagalar kiçi, elleri üşeýär, şuny bejermäge kömek edip biljekmi?” diýdi.

Şeýlelikde, men bu ugurda çykalga tapmak maksady bilen, hökümete degişli bolmadyk gurama bilen işleşip, onuň düzgünlerine görä, bu işe hemmeleri gatnaşdyrmak üçin ene-atalardan, mugallymlardan ybarat topary düzdüm.
Men oba çagalarynyň 30 töweregini meni kabul eden maşgalanyň eýwanynda okadyp başladym. Hepdäniň alty gününde, her gün 3-4 sapak geçirerdim, gaty gowy iş alyp barýardyk.

Adamlar bilen işleşip başlanymda, şäher administrasiýasy meniň bilen aragatnaşyk gurmaly däldigi barada ilata duýduryş beripdir. Muňa garamazdan, men bu mesele barada özbaşdak işlemegi dowam etdirdim. Soňra şäher häkimi maňa jaň edip, işimi bes etmelidigimi, sebäbi mekdeplerde ýyladyş sistemasynyň işläp başlandygyny we mekdepleriň ýylydygyny aýtdy.

Hakykatda ýagdaý beýle däldi. Jaň edilen güni men mekdepde bolupdym, ýyladyş sistemasy şondan öňem, şondan soňam işlänokdy. Meniň başdan geçiren tejribämde şeýle gynandyryjy ýagdaýlar köp boldy. Ondan başga-da, men Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň edarasynda ýaşlar merkezini täzelemek üçin daşardan maliýe goldawyny tapyp, üç sany täze kompýuter aldym. Agzalýan edaranyň direktory olaryň birini öz stoluna geçirip goýdy. Ol ony işledip bilmänsoň, hatda kompýuteri toga hem çatmady. Şol bir wagtyň özünde-de, ol bize çagalara komýuterde işlemegi öwretmäge hem rugsat bermeýärdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň edýän tagallalaryňyza we işleriňize ýerli halkyň reaksiýasy nähilidi?

Sam Tranum:
Marydaky oba iberilenimde, ol ýerde iňlis dili mugallymlarynyň ikisiniň ýetmezçilik edýänligi sebäpli, mekdep mugallymlary menden bu işde ýardam bermegimi haýyş etdiler.

Emma welaýat administrasiýasy maňa mekdepde okatmaga rugsat bermedi. Mugallymlar okuwçylary meniň ýanyma, ýagny saglyk merkezine ugratmaga synanyşdylar, emma welaýat administrasiýasy maňa ol ýerde hem iňlis dili sapaklaryny geçirmäge ýol bermedi.

Şeýlelikde, olar ýagdaýyň, habarlarda aýdylşy ýaly, o diýen erbet däldigine göz ýetirdiler. Türkmenistan barada çap edilýän habarlarda, umuman aýdylanda, ýurtdaky ýagdaýlaryň juda aýylgançdygy bellenýär.
Şeýlelikde, men oba çagalarynyň 30 töweregini meni kabul eden maşgalanyň eýwanynda okadyp başladym. Hepdäniň alty gününde, her gün 3-4 sapak geçirerdim, gaty gowy iş alyp barýardyk. Adamlar hem edýän işim üçin uly minnetdarlyk bildirýärdiler. Ýöne men bu işleri amala aşyrmak üçin hökümetiň döredýän dürli böwetlerinden geçmeli bolýardym.

Azatlyk Radiosy: Jenap Tranum, siziň pikiriňizçe, Parahatçylyk korpusynyň meýletinçileriniň ýurdy terk etmekleri halka we Türkmenistana nähili täsir ýetirer?

Sam Tranum:
Ösüş programmalary göz öňünde tutulanda, Parahatçylyk korpusynyň ýurtda o diýen täsirli bolandygyny aýtmak kyn. Emma medeni aragatnaşyklar nukdaýnazaryndan aýtsak, bu gurama örän uly işleri amala aşyrdy.

Bu programma türkmenleriň daşary ýurtlular, şol sanda amerikalylar bilen duşuşmagyna mümkinçilik döretdi. Meniň pikirimçe, bu pozitiw zatdy. Beýleki tarapdan, amerikalylar hem Türkmenistandaky ýagdaýlary baryp görmäge mümkinçilik aldylar.

Şeýlelikde, olar ýagdaýyň, habarlarda aýdylşy ýaly, o diýen erbet däldigine göz ýetirdiler. Türkmenistan barada çap edilýän habarlarda, umuman aýdylanda, ýurtdaky ýagdaýlaryň juda aýylgançdygy bellenýär. Gepiň gysgasy, bu programmanyň ýapylmagy iki tarapa hem zyýan ýetirer.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG