Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Safarowyň günäsiniň geçilmegine düşündiriş soraýar


ÝB Ramil Safarowyň türme tussaglygyndan boşadandygy barada azeri resmilerinden düşündiriş soraýandygy aýdylýar.
ÝB Ramil Safarowyň türme tussaglygyndan boşadandygy barada azeri resmilerinden düşündiriş soraýandygy aýdylýar.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça bölüminiň başlygynyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, Azerbaýjan Wengriýada ermeni esgerini öldürip, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen azeri harbysyny yzyna alyp, soňundan hem onuň günäsini geçmek bilen, Budapeşte beren wadalaryny tutmadyga meňzeýär.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça baş wekili Katrin Aştonyň sözçüsi Maýa Kosiýansiçiň Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysyna aýtmagyna görä, Bakuwyň bu hereketi regiondaky bar bolan “dartgynly” ýagdaýy, mundan beýläk hem ýitileşdirmegi mümkin.

Kosiýansiç Ýewropa Bileleşiginiň näme sebäpden Bakuwyň Ramil Safarowy türme tussaglygyndan boşadandygy barada azeri resmilerinden düşündiriş soraýandygyny mälim etdi. Safarow ermenistanly ofiser Gurgen Margarýany paltalap öldürmekde günäli tapylypdy.

Kosiýansiç: “Bizdäki bar bolan maglumatlardan çen tutulsa, onda Safarowy tabşyrmak boýunça Azerbaýjan bilen Wengriýanyň arasyndaky gelnen ylalaşyklaryň we şertleriň käbirleri berjaý edilmedik ýaly bolup görünýär. Biz munuň bilen baglylykda azeri resmileri bilen habarlaşyp, regionda ýagdaýlary dartgynlaşdyryp biljek hereketleriň näme sebäpden edilýändigi barada olardan düşündiriş almak ugrundaky tagallalarymyzy dowam etdireris” diýdi.

4-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Herman Wan Rompuý we Ýewropa Parlamentiniň başlygy Martin Şulz hem Bakuwyň bu hereketini ýazgardylar.

Prezident Ylham Alyýew Safarowyň 31-nji awgustda Azerbaýjana dolanan dessine, onuň günäsini geçdi. Soňkusy gün Safarowyň harby çini hem beýgeldildi. Muňa Ermenistan protest bildirdi, ABŞ hem özüniň “nägileligini” mälim etdi.

Wengriýa Safarowy Azerbaýjana berenden soň, Ýerewan Budapeşt bilen özüniň diplomatik we beýleki özara gatnaşyklaryny togtatdy.

Wenger resmileriniň bellemegine görä, olar halkara kanunçylygynyň esasynda hereket edipdirler, şeýle-de Azerbaýjan özüniň üstüne belli bir borçlary alypdyr.

Safarowyň ekstradisiýa edilmegi adaty wengerleriň hem nägileligini döretdi. Paýtagt Budapeştde 2 müň töweregi adam protest geçirip, ýurduň premýer-ministri Wiktor Orbanyň hökümeti bilen özleriniň närazylyklaryny bildirdiler.

30 ýaşly Laszlo Muhari hem protestçileriň arasyndady. Ol: “Adam öldürmekde aýyplanan adamlar, etniki jenaýatlaryň edermenlik diýlip hasaplanylýan ýurtlaryna asla eksdradisiýa edilmeli däldir. Demokratik ýurtda bular ýaly ýagdaýlar asla kabul ederliksizdir” diýdi.

Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysy bu meseläniň 7-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň Kiprdäki duşuşygynda hem maslahat edilip bilinjekdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG