Sepleriň elýeterliligi

Paralimpiadada türkmen atletleri orun almadylar


Atletler paralimpiýa oýunlarynyň emblemasyny göterip barýarlar. London. 29-njy awgust, 2012 ý.

Atletler paralimpiýa oýunlarynyň emblemasyny göterip barýarlar. London. 29-njy awgust, 2012 ý.

Londonda geçirilýän paralimpiýa oýunlaryna, ýagny maýyplaryň arasyndaky sport ýaryşlaryna gatnaşýan ähli türkmen sportsmenleri eýýäm çykyş etdiler. 29-njy awgustda başlanan bu sport çäresine 166 döwletden gelen sportsmenleriň arasynda türkmen atletleri nähili netije görkezdiler?

Londondaky Paralimpiadada Türkmenistandan gelen bäş sportsmeniň ählisi eýýäm öz ugurlary boýunça çykyş edip gutardylar.

52 kg. agrama çenli erkekleriň arasynda pauerlifting boýunça ýaryşlara gatnaşan 23 ýaşly Mekan Agalykow 31-nji awgustda çykyş etdi. Agalykow 150 kg. netijäni görkezip, ýaryşda çykyş eden 10 sportsmeniň arasynda sekizinji orny eýeledi.

23 ýaşly Söhbet Çaryýew 1-nji sentýabrda F13 topary boýunça erkekleriň arasynda uzynlygyna bökmek ýaryşyna gatnaşyp 5.53 metr netijäni görkezdi. Bu görkezijiniň Çaryýewiň şahsy rekordy bolandygy aýdylýar. Ol ýaryşa gatnaşan 14 sportsmeniň arasynda iň soňky orny eýeledi.

2-nji sentýabrda 32 ýaşly Sergeý Meladze 67.50 kg. agrama çenli erkekleriň arasynda pauerlifting boýunça ýaryşlarda çykyş etdi. Meladze 180 kg. netijäni görkezip 10 atletiň arasyndan 6-njy ýeri almagy başardy.

3-nji sentýabrda 75 kg. agrama çenli aýallaryň arasynda pauerlifting boýunça ýaryşda 48 ýaşly Jennet Orjyýewa çykyş edip, ol 85 kg. netijäni görkezdi. Bu ýaryşa gatnaşan 7 sportsmeniň arasyndaky iň pes netijedi.

Şeýle-de 3-nji sentýabrda 25 ýaşly Walentina Simakowa 67.50 kg. agrama çenli aýallaryň arasynda geçirilen pauerlifting ýaryşlaryna gatnaşdy. Simakowa ýaryşa gatnaşan ýedi sportsmeniň arasyndan iň soňky ýeri eýeläp, onuň görkezen netijesi 95 kg. deň boldy.

Netijede 29-njy awgust bilen 9-njy sentýabr aralygynda geçirilýän Londondaky Paralimpiadada türkmen sportsmenleri hiç bir medally orny almagy başarmadylar.

Paralimpiýa oýunlarynda türkmen sportsmenleri ilkinji gezek 2000-nji ýylda çykyş edip, Londondaky oýunlar hem hasaba alnanda, olar bu ýaryşlara dört gezek gatnaşdylar. Häzire çenli geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň Milli Paralimpiýa komiteti medally orunlary almagy başarman gelýär.

Londondaky 14-nji tomusky paralimpiýa oýunlaryna 4 müň 200-den gowrak sportsmeniň gatnaşýandygy, onda sportuň 20 töweregi görnüşi boýunça jemi 503 altyn medal ugrunda bäsleşikleriň geçirilýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG