Sepleriň elýeterliligi

FSB-niň akademiýasynda merkezi aziýaly talyplar ýakalaşdy


Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) Moskwadaky akademiýasynda okaýan Merkezi Aziýadan gelen studentleriň arasynda uruş ýüze çykdy.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň penşenbe güni beren maglumatyna görä, wakada alan ýaralary sebäpli, iki gyrgyz raýaty keselhana ýerleşdirilipdir.

Gürrüňi gidýän waka sişenbe güni akademiýanyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýüz berdi. Habar serişdeleriniň maglumatyndan çen tutulsa, esasan täjik we gyrgyz talyplary özara ýakalaşypdyrlar.

Dawanyň näme sebäpden ýüze çykandygy barada takyk bir maglumat ýok. Çaknyşykda pyçaklaryň hem ulanylandygy aýdylýar.

Bu wakalardan soň, bäş adam keselhana ýerleşdirilip, olaryň ikisine operasiýa edildi.

Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň Moskwadaky ilçihanalary bu wakany derňemek boýunça ors resmilerine hemaýat berýärler.
XS
SM
MD
LG