Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede ýarag ammaryndaky partlamada azyndan 25 esger öldi


Türkiýäniň günbatarynda ýarag ammary partlanda azyndan 25 esger öldi. Bu barada türk harbylary maglumat berýär.

Partlamanyň çarşenbe güni giçlik Afýonkarahisar şäherindäki ammarda bolandygy aýdylýar. Ol ýerde esasan el granatlary saklanýardy.

Resmiler partlamanyň terroristik hüjümiň netijesinde dörändigini iňkär etdiler.

Türkiýäniň bir resmisine salgylanyp berilýän maglumata görä, partlama bir el granadynyň tötänlikden ýere gaçmagy sebäp bolan bolmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG