Sepleriň elýeterliligi

“Hazar 2012”: Türkmenistan ilkinji deňiz türgenleşiklerini geçirdi


Türkmenistanyň harby gämileri Hazar deňzinde terrorçylyga garşy türgenleşik geçýärler. Hazar, 5-nji sentýabr, 2012.

Türkmenistanyň harby gämileri Hazar deňzinde terrorçylyga garşy türgenleşik geçýärler. Hazar, 5-nji sentýabr, 2012.

Türkmenistan Hazar deňzinde ilkinji gezek geçiren operatiw-taktiki okuw türgenleşikleriniň ýurduň ýaragly güýçleriniň söweşe taýýarlygyny kämilleşdirmek we harbylarynyň professional derejesini ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirenligini aýdýar.

Resmi maglumatlara görä, bu çäre ýurduň 2009-njy ýylda kabul edilen “Harby doktrinasyna” gabat gelýär. Bu doktrina “Ýurduň alyp barýan we goranmak häsiýetine eýe bolan daşary syýasy kursuna doly gabat gelýär” diýip, Türkmenistanyň prezidentine salgylanyp, türkmen metbugaty ýazýar.

Harby taýýarlyk

Bu türgenleşikleriň geçirilişi Türkmen telewideniýesinde käbir wideoýazgylar arkaly görkezildi. Resmi maglumatda, hazarýaka regionynda harby ýagdaýyň hamala dartgynlaşan ýagdaýynda Türkmenistanyň dartgynlylygy köşeşdirmek üçin çäreleri görüp, ýurduň ýaragly güýçleriniň edermenlik bilen mysaly duşmany agressiw niýetinden dänmäge mejbur edendikleri jikme-jik gürrüň berildi.

“Hazar 2012” atly harby-okuw türgenleşiklerinde Türkmenistan harby söweş uçaryny, harby dikuçarlaryny, serhete gözegçilik edýän katerlerini, polatlanan harby maşynlaryny, tanklaryny, serhede gözegçilik ediji gämilerini, howadan goranmak sistemasyny, şeýle-de resmi maglumatlara görä, harby deňiz we gury ýer harby tehnikasynyň we ýaraglarynyň onlarçasyny görkezdi.

Harby türgenleşiklere ýurduň ýaragly güýçleriniň düzümine girýän ähli goşunlaryň gatnaşdyrylanlygy habar berilýär.

Türkmenistanyň prezidenti döwlet baştutany wezipesi bilen bir wagtda ýurduň ýaragly güýçleriniň belent serkerdebaşysy we goşun generaly wezipelerini hem ýerine ýetirýär.

Türgenleşiklere Türkmenistanyň prezidenti bilen bilelikde hökümet we Mejlisiň agzalarynyň, daşary ýurt diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylarynyň we harby attaşe ilçileriniň syn edendikleri aýdylýar.

Daşary ýurt diplomatlaryň käbirsiniň türgenleşigiň geçirilişi barda hoş sözli çykyşy milli telewideniýede görkezildi.

Türgenleşikleriň teatrlaşdyrylan aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdirilenligi hem resmi maglumatlarda ýatlanýar.

Deňiz türgenleşikleri

Türkmenistan Hazar deňzinde harby-taktiki okuw türgenleşiklerini ilkinji gezek geçirýär.

Statusy kanun taýdan henize çenli kesgitlenmän galýan nebit-gaza baý Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän beýleki ýurtlar türgenleşikleri, şol sanda harby türgenleşikleri-de yzygiderli geçirip durýarlar.

Hazarda bilelikdäki çäreler hem geçirilýär. Geçen ýylda Orsýet, Azerbaýjan we Gazagystan tarapyndan adamlary we gämileri halas etmek boýunça geçirilen “Kaspiyý2011” atly bilelikdäki türgenleşiklere Türkmenistan hem synçy hökmünde gatnaşypdy.

Iň uly flotly regional döwletleriň biri Orsýet Hazar deňzinde 140-den gowrak gämiden ybarat flotuny mundan beýläk ýene-de güýçlendirjegini aýdýar. Şu ýyl flotuň düzümine azyndan ýene iki harby gämi goşuldy.
XS
SM
MD
LG