Türkmenistanda çörek önümleriniň gymmatladylanyna 6-njy sentýabrda iki aý doldy. Käbir ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, geçen iki aýyň dowamynda olaryň çörege edýän çykdajylary 3 esse köpelipdir. Bu gymmatçylyk, esasanam, “buhanka” çöregini satyn alýan maşgalalara öz täsirini ýetiripdir.
Iki aý mundan ozal gymmatladylan çörek we unuň bahasyna indi ilat köpçüliginiň öwrenişip barýandygyna garamazdan, Türkmenistanyň hökümetiniň bu ädimi býujet edaralarynda işleýän işgärleriň maşgala býujetlerine agram salýar.
Şeýle adamlardan biri hem özüni Aman diýip tanadan aşgabatly 38 ýaşly ýaşaýjy. Ol: “Öň maşgala býujetinden aýda çörek üçin 20 manat harç edýän bolsak, indi bu çykdajymyz 55 manatdan geçýär” diýip, ýagdaýy düşündirdi.
Aman paýtagtdaky teatrlaryň birinde işleýär. Onuň aýlygy 640 manat. Amanyň 5 adamdan ybarat maşgalasynda diňe onuň özi işleýär. Amanyň aýaly Gülüstanyň aýtmagyna görä, öň 20 teňňä durýan “buhanka” çöreginiň bahasynyň ýokary galdyrylmagy bilen onuň hili gowulanmandyr.
“Buhanka” iň arzan çöreklerden biri diýlip hasaplanylýandygy üçin, ony esasan girdejisi azrak bolan maşgalalar bilen bir hatarda pensionerler, işsizler we öýsüz-öwzarsyz adamlar satyn alýarlar. Bahasynyň arzandygyna garamazdan, adamlar indi ony hem tygşytly ulanmaga mejbur.
“Uruş döwründäki ýaly boldy. Men indi ‘buhankany’ her gün däl, günaşa satyn alýaryn. Ýogsam, öňler her gün bir ‘buhankany’ satyn alýardym” diýip, özüni Olga diýip tanadan 84 ýaşly aşgabatly pensioner aýdýar.
Dürli çaklamalar
“Buhanka” çöreginiň bahasynyň galdyrylmagynyň sebäpleri barada türkmen resmileriniň hiç hili düşündiriş bermändiklerine garamazdan, käbir synçylar bu işiň çöregiň mala berilmeginiň öňüni almak üçin edilen bolmagy ähtimal diýen çaklamany orta atýarlar.
Emma çöregiň döwlet býujetiniň üstüni doldurmak üçin gymmatladylandygyny aýdýan synçylaram az däl. Soňky ýyllarda Saparmyrat Nyýazow döwründen galan arzan benziniň, awtobus kireý pulunyň, elektrik togunyň tarifiniň hem 30% ýokary galdyrylmagyny olar öz çaklamalaryna delil hökmünde getirýärler.
“Bu ýeňillikler ilatyň az aýlyklardan nägileligini gowşatmak üçin döredilen ‘sosial paketdi’. Emma Nyýazowdan soň bu ýagdaý üýtgäp barýar. Häzir hökümet döwlet gaznasyny doldurmak üçin hiç zatdan gaýtmajaga meňzeýär” diýip, adynyň tutulmagyny islemedik bir ykdysadyýet boýunça ýerli synçy aýdýar.
Tygşytlamaly bolýar
Çörek we unuň bahalarynyň galmagynyň yzysüre ýurtda etiň bahasy hem ýokary galypdy. Aşgabadyň bazarlarynyň administrasiýasynyň söwdegärlere sygyr etiniň bir kilogramyny 11-12 manada satdyrmaga synanyşmagyna garamazdan, sygyr etiniň bir kilogramynyň bahasy 16 manada ýetdi.
1.5 litrlik baklaşkalarda satylýan süýdüň bahasy hem 60 teňňe gymmatlap, ol 3 manat boldy. Bu ýagdaýyň käbir maşgalalary öz gündelik iýmit rasionlarynda bu azyk önümlerini azrak iýmäge mejbur edýändigini aşgabatly medeniýet işgäri Aman aýdýar.
“Men öň her aýda 7 kilogram et satyn alýardym. Indi 5 kilogram alýaryn. Dogry, bazarlarda kilogramy 11-12 manatdan sygyr eti satylýar. Emma onuň agramly bölegi süňkden durýar. Hökümet dükanlarynda hem Hindistandan getirilen, gäwmiş diýlip atlandyrylýan sygryň eti satylýar. Onuň bir kilogramy 11 manat, ýöne bu etiň ysy bar” diýip, Aman aýtdy.
Ýurtda azyk önümleriniň bahalarynyň ýokary galmagy 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakyndaky Türkmenistanyň prezidentiniň 6-njy iýulda gol çeken permanyndan soň başlandy.
Aýlyklaryň hem pensiýalaryň galdyrylmagy bilen azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagynyň arasynda haýsydyr bir baglanyşygyň barlygy ýa ýoklugy barada hiç hili maglumat ýok. Emma, şol bir wagtda, un önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyndan bäri aradan iki aý geçmegine garamazdan, munuň sebäbi resmi taýdan henizem düşündirilenok.