Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hytaýyň günorta-günbatarynda birnäçe ýer yranmasy boldy


Anna güni Hytaýyň döwlet mediasy ýurduň günorta-günbatar regionynda yzly-yzyna birnäçe ýer yranmasynyň ýüz berendigini habar berdi.

Bu ýer yranmalardan iň güýçlüsiniň Rihter ölçegindäki güýjüniň 5.7 bal bolandygy habar berilýär.

Hytaýyň döwlet telewideniýesi Ýunnan prowinsiýasynyň Ýiliang şäherinde ýer yranmanyň netijesinde jaýlarda jaýryklaryň peýda bolandygyny we käbir jaýlaryň diwarlaryndan bölekleriň ýere gaçandygyny görkezdi.

“Ksinhua” habar agentligi ýer yranmanyň netijesinde bu regionda 20 müň töweregi jaýa zyýan ýetendigini habar berýär. 2008-nji ýylyň maýynda Hytaýyň şu regionynda ýüz beren 8 bal ýer yranmada onmüňlerçe adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG