Sepleriň elýeterliligi

Amerikan delegasiýasy Gürjüstandaky taýýarlyklara baha berer


Şu geljek hepde Birleşen Ştatlaryň Demokratiýa, adam hukuklary we zähmet baradaky býurosy boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Tomas O.Meliýanyň ýolbaşçylygynda ýörite synçylar delegasiýasy Gürjüstana barar.

Bu delegasiýa Gürjüstanda oktýabr aýynda geçiriljek parlament saýlawlarynyň bosagasyndaky taýýarlyklara baha berer.

Bu delegasiýanyň düzümine USAID guramasyndan, Goranmak ministrliginden we Adalat ministrliginden-de wekilleriň girýändigi habar berilýär.

Gürjüstanyň oppozision toparlary soňky wagtlar Mihail Saakaşwiliniň hökümetini saýlawlaryň bosagasynda oppozisiýa garşy basyşlary güýçlendirmekde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG