Sepleriň elýeterliligi

Obama Demokratik partiýadan dalaşgärligi resmi kabul etdi


Penşenbe güni agşam Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama öz kandidaturasynyň Demokratik partiýa tarapyndan indiki saýlawlara hödürlenmegini resmi ýagdaýda kabul etdi.

Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlotte şäherinde gurnalan bu gurultaýda eden çykyşynda Obama özüniň teklip edýän ýolunyň ýurduň halky üçin tiz we ýeňil ýol bolar diýip ýalan beýanat edip bilmejekdigini aýtdy.

Ol soňky onýyllyklaryň dowamynda dörän problemalary çözmek meselesiniň sanlyja ýyly dal-de, has köp wagty aljakdygyny belledi.

Şu ýylyň 6-njy noýabrynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Barak Obama Respublikan partiýasyndan Mitt Romneý bilen bäsleşer. Soňky pikir soraýyşlyklar Barak Obamanyň Mitt Romneýden birneme köpräk goldawdan peýdalanýandygyny görkezýär.
XS
SM
MD
LG