Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: “Gurhana” şek ýetirmekde aýyplanýan gyz boşadyldy


Anna güni Pakistanyň sudy “Gurhana” şek ýetirmekde aýyplanyp tussag edilen ýetginjek hristian gyzyny girew esasynda tussaglykdan boşatmagy karar etdi.

Ýakynda, 16-njy awgustda hristian dininden bolan Rimşa Masihiň “Gurhana” şek ýetirmekde aýyplanyp tussag edilmegi halkara derejesinde ýiti reaksiýalary döretdi.

Pakistanyň gulluklary ony “Gurhanyň” aýatlary ýazylgy kagyzy ýakmakda aýyplap, tussag etdiler. Emma geçen hepde Pakistanyň polisiýasy hristian gyzyna garşy bu işi gurnanlykda güman bildirip, ýerli metjidiň bir ymamyny-da tussag etdi.

Pakistanyň kanunçylygyna görä, “Gurhana” şek ýetirmeklik ölüm jezasy bilen jezalandyrylmaly jenaýat hasaplanylýar.
XS
SM
MD
LG