Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda Satybaldyýew täze premýer-ministr bellenildi


Penşenbe güni Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini we onuň ýolbaşçysyny wezipä bellemek baradaky permana gol çekdi.

Bu permanyň esasynda ýurduň ozalky prezident administrasiýasynyň başlygy Žantoro Satybaldyýew premýer-ministriň wezipesine bellenildi. Bu wakadan bir öň Gyrgyzystanyň parlamenti hem onuň kandidaturasyny oňlap ses beripdi.

Geçen aý Gyrgyzystanyň “Ar-namys” we “Ata-Meken” partiýalarynyň dolandyryjy koalisiýadan çykmaklary netijesinde ýurduň hökümeti dargapdy.

Bu partiýalar özleriniň bu kararyny ýurduň ozalky premýer-ministri Ömürbek Babanowyň özara ylalaşyklaryň şertlerini berjaý etmeýändigi bilen düşündirdiler.
XS
SM
MD
LG