Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Ylalaşyk premýerine kyn synaglar garaşýar


Gyrgyzystanyň täze saýlanan premýer-ministri Žantoro Satybaldyýew parlamande çykyş edýär. Bişkek, 5-nji sentýabr, 2012.
Gyrgyzystanyň täze saýlanan premýer-ministri Žantoro Satybaldyýew parlamande çykyş edýär. Bişkek, 5-nji sentýabr, 2012.
Gyrgyzystanyň iki bölünen parlamenti Jantoro Satybaldyýewi ýurduň premýer ministrligine tassyk etdi. Olar ylalaşygyň demokratiýanyň özenidigini aýdýarlar.

Netijede, Žantoro Satybaldyýewe ýurdy günorta we demirgazyk liniýa esasynda bölünmek howpundan halas etmek üçin saýlanan şahsyýet hökmünde garaýarlar.

56 ýaşly Satylbaldyýew käri boýunça syýasatçy, ol 15 ýyldan bäri Gyrgyzystanyň juda çylşyrymly syýasatynda öz roluny üstünlik bilen oýnap gelýär.

Satylbaldyýew haýsydyr bir syýasy partiýanyň agzasy däl. Ol prezidentler Askar Akaýewiň, Kurmanbek Bakyýewiň, Roza Otunbaýewanyň, Almazbek Atambaýewiň hemmesiniň döwründe uly wezipelere eýe bolupdy.

Döwrüň talaby

Ýaňy-ýakynda "Jemgyýetçilik demokratiýasy" we "Ar-Namys" partiýalary bilen hökümeti dolandyrýan täze koalisiýany döreden "Ata-Mekan" partiýasynyň ýolbaşçysy hem-de parlamentiň deputaty Ömürbek Tekebaýew bu kararyň döwrüň talabyny ýaňzydýandygyny aýdýar:

"Ol tejribeli, akylly, diplomat syýasatçy. Soňky üç prezidentiň üçüsi-de oňa ynam bildirdi. Şu aýratynlyklar häzirki wagtda tutuş Gyrgyzystana gerek diýip pikir edýärin."

Häzirki wagtda Gyrgyzystanda demirgazyk bilen günortanyň arasyndaky närazylyklar we 2010-njy ýylyň iýun aýynda Oş şäheriniň günortasynda etniki gyrgyzlar bilen etniki özbekleriň arasynda ganly dawalara sebäp bolan dartgynlyklar esasy mesele bolup durýar.

Satybaldyýew Oş welaýatynda dünýä indi. Ol 2000-2001-nji ýyllar aralygynda Oş şäheriniň häkimi we 2006-2007-nji ýyllarda Oş welaýatynyň gubernatory wezipesini berjaý etdi.

2010-njy ýylda, Oş şäherindäki dartgynlygyň yz ýany, oňa şol şäheri gaýtadan gurmak we özleşdirlmek tabşyrygy berlen hökümet gullugyna ýolbaşçylyk etmek ynanyldy. Ýöne ol hiç haçan ýurduň günortasynda tarapdarlary agdyklyk edýän Respublika partiýasynyň agzasy bolmandy.

"Ajaýyp şahs"

Garaşsyz žurnalist Turat Akimow Satylbaldyýewiň demirgazyk bilen günortanyň arasyndaky ylalaşyk üçin ajaýyp şahs bolup biljekdigini aýtdy.

Turat Akimow: "Ol gapma-garşy býurokrat däl, ol ýigrenji adam hem däl. Ol günortada bolan şol wakalardan soň edilmeli işleri tutanýerlilik bilen amala aşyrdy we, meniň pikirmçe, ol şol işleri gowy ýerine ýetirdi. Şeýle hem ol günortadaky käbir uly problemalary çözdi. Onuň özi hem günortadan. Bularyň hemmesi Atambaýew üçin häzirki ýagdaýyň durnuksyzlaşmazlygy we parlamentiň dargamazlygy jähetden juda zerur" diýip, gürrüň berdi.

Satylbaldyýew günortada alyp baran işlerinden başga, 2003-2005-nji ýyllarda energiýa howpsuzlygy boýunça prezidentiň ýorite wekili bolup işläpdi. Şol wagt ýurdy elektrik üpjünçilik krizisinden alyp çykany üçin, Tekebaýew oňa ýokary baha berýär. Ol 1990-njy ýyllaryň soňunda transport hem-de aragatnaşyk ministri wezipesini hem berjaý edipdi.

Tekebaýew Satylbadyýewiň wezipä bellenilmegine pozitiw baha berip, oňa serasap bolmalydygyny hem duýdurdy:

"Satylbaldyýewiň parlamentde öz topary ýok. Ol prezidentiň hem-de parlamentiň gözegçiligi astynda bolar. Eger ol ýalňyş bir zat etse, Satylbaldyýewe hiç kimiň nebsi agyrmaz. Ol kamikadzäniň bitirmeli işi ýaly kyn şertlerde hökümet başyna geçdi we öz jogapkärçiliginiň çäklerine düşünýär."
XS
SM
MD
LG