Sepleriň elýeterliligi

Rasmussen azerbaýjanly ofiseriň günäsiniň geçilmegine alada bildirdi


Leýtenant Gurgen Markarianyň portreti (sagda), Budapeştde geçirilen protest ýörişi, 4-nji sentýabr, 2012.

Leýtenant Gurgen Markarianyň portreti (sagda), Budapeştde geçirilen protest ýörişi, 4-nji sentýabr, 2012.

NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen adam öldüren azerbaýjanly ofiseriň günäsiniň geçilmegine “çuňňur alada bildirýändigini” anna güni Bakuwa saparynda aýtdy.

Azerbaýjan goşunynyň leýtenanty Ramil Safarow sekiz ýyl mundan ozal NATO-nyň Wengriýada geçirýän harby türgenleşigi wagtynda ermeni harbysy Gurgen Markariany paltalap öldürenligi üçin Wengriýanyň sudy tarapyndan ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Geçen hepdede Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Budapeştden Bakuwa dolanan Ramil Safarowyň günäsini geçdi we oňa maliýe kömegini bermek barada karar kabul etdi.

Rasmussen bu baradaky aladasyny penşenbe güni Ermenistanyň paýtagty Ýerewana gelende hem mälim etdi. Bu iş sebäpli gahar-gazaba münen halk Ýerewanda ýörüşe çykdy.

Safarowyň günäsiniň geçilmegi ermenileriň köplük bolup ýaşaýan Daglyk-Garabag territoriýasy boýunça Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky dowam edip gelýän dartgynlygy güýçlendirdi.

1990-njy ýyllarda iki goňşy döwlet bu territoriýanyň üstünde urşup, 1994-nji ýylda ýaragly söweşi bes etmek barada durnuksyz ylalaşyga gelipdi. Separatist toparynyň baştutanlygy tarapyndan Daglyk-Garabagyň garaşsyzlygynyň yglan edilmegi beýleki ýurt tarapyndan hiç haçan ykrar edilmedi.

NATO-nyň başlygy duşmançylyk gatnaşyklarynyň täzelenmegi barada Bakuwa we Ýerewana duýduryş etdi.

“Bu ýerde iki ýagdaý aýdyňdyr. Birinjiden, munuň harby çözgüdiniň ýoklugy, ikinjiden bolsa, ýeke-täk çözgüdiň diňe dialogyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň üsti bilen gazanylmagydyr” diýip, Rasmussen aýtdy.

Alyýew öz pikirinde galýar

NATO-nyň başlygynyň tankydy çykyşynyň Waşingtondan, Brýusselden we Moskwadan goldaw tapmagyna garamazdan, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew oňa gulak asmakdan saklandy.

Rasmussen bilen bilelikde geçiren metbugat konferensiýasynda Alyýew “Ermenistan Ramil Safarowyň günäsiniň geçilmegine ýerliksiz alada edýär” diýdi we bu prosesiň kanuna laýyklykda we adalatly geçirilendigini öňe sürdi.

Safarow “Ýewropa Konwensiýasy boýunça” ekstradisiýa edildi, “onuň günäsiniň geçilmegi bolsa Azerbaýjanyň kanunçylygy esasynda amala aşyryldy” diýip, Alyýew aýtdy.

Safarowyň boşadylmagyna BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygy hem alada bildirdi. “Etniki higrenç esasynda amala aşyrylan jenaýatlar gynandyryjy ýagdaý bolmaly we olara hakyky jezany bermeli” diýlip bu beýanatda aýdylýar.

Wengriýanyň häkimiýetleri öz gezeginde Azerbaýjan tarapynyň özara gepleşiklerde Ramil Safarowyň ömürlik türme tussaglygynda galdyrylmagyna Azerbaýjanyň söz berendigini aýdýarlar. Muňa garamazdan, Ermenistan bu iş sebäpli Budapeşt bilen diplomatik gatnaşyklaryny bozdy.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan penşenbe güni eden çykyşynda “jenaýatçydan gahryman ýasamaklyk kabul ederliksizdir” diýdi we parahatçylyga howp abandyrmakda Azerbaýjany günäkärledi.

Şol bir wagtyň özünde adam öldüreni azat edenligi üçin raýatlaryň Alyýewe ýollan gutlag hatlary onuň websaýtynda yzygiderli ýerleşdirilip gelinýär.
XS
SM
MD
LG