Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Watandan aýralykdaky täze goşgular


Şwesiýada immigrasiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradow. 2011.
Şwesiýada immigrasiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradow. 2011.
“Balygyň diriligi suw bilen” diýlişi ýaly, şahyryň diriligi Watan bilen bolsa gerek. Şahyr Şiraly indi köp ýyllar bäri Şwesiýada immigrasiýada ýaşaýar. Ol ýurtdan çykyp gaýdanda dünýä inen çagalar eýýäm kämillik ýaşyna ýetdiler. Köp ýyllaryň geçenine garamazdan, şahyr mydama Watan howasyndan dem alýar, Watanyň aladasy bilen ýaşaýar.

Köne pikirler täze goşguda

Köpi gözläp azdan galyp ýörenden,
Ýeke-täk naçary söýen ýagşydyr.
Soňra “Geç günämi!” diýip durandan,
Birbada “Bagyşla!” diýen ýagşydyr.

Aç ölen ýeg minnetli aş iýenden,
“Aý, namysdan ölen barmy” diýenden,
Myhmanyň öňünde boş gap goýandan
Ýekeje toklyňy soýan ýagşydyr.

Wada berlen “Altyn asyr” küýseler,
“Indi saňa näme gerek?” diýseler,
Soragçylar gara telpek geýseler,
Başyňa ak telpek geýen ýagşydyr.

Aýlawa gireniň, goý, öňki bolsun,
Baýraksyz galanyň, goý, soňky bolsun.
At kimiňki bolsa, goý, şoňky bolsun,
Herne öz eliňde uýan ýagşydyr.

Bar, sen otyrsyňam şanyň tagtynda,
Gör özüňi iliň-günüň bagtynda.
Ýagşy näme, ýaman näme – wagtynda
Perzent gursagyna guýan ýagşydyr.

Tagta çykyp, il göwnüni ýykandan,
Hydyrsyrap, soň hyrs bolup çykandan,
Bulut bolup gara ýere çökenden
Asmanda ak ganat ýaýan ýagşydyr.

***

Ulumsylyk

Serhowuzdan çykan juwan gyz kibi
Aý gizlendi töweregne garanyp.
Döwüň gowagyna dönen gözýetim
Şeýtanyň kalby deý ýatyr garalyp.

Aýperiň üzülen hünjüsi deýin
Ýyldyzlar birgeňsi pytraşyp ýatyr.
Pyragyň goşgusyn diňleýän ýaly
Baglar gamly başyn yralap otyr.

Geçmişe bakýasyň gaňrylyp yza,
Buýsanjyň ökünçden ýeňilrek gelýä.
Ýene güberilýäň beýgeljek bolup,
Başardanok. Göwre hasam kiçelýä.

Nirde gyşyk basdyň, nirde büdrediň –
Geçmişi gaýtaryp mizana salýaň.
Şübhelenýän dürslügine tereziň,
Bitaý tarapynam deňlejek bolýan.

Bäsleşik ýok tebigatyň güýjüne,
Senem il deňinde dyzyňa çökýäň.
Adamlaryň paýlaşmadyk derdini
Merdemsi daragtyň düýbüne dökýäň.

Sary çäge, ýaşyl maýsa, gök asman...
Begres geýen bu meýdandan ganma ýok.
Sen öýden çykypdyň gezelenç üçin,
Nämüçindir – dolanasyň gelenok…

***

Aýlaw

Täze bir syýasat somlaýar biri,
Biri tutup otyr köne heňine.
Ýöne, hersi öňe itjek milleti,
Soňam düşjek şo milletiň öňüne.

Garpyz paçak kimin galyňmy ýüzüň,
Utançdan-haýadan dogduňmy öňräk –
Onda seň ýoluňda gyzyl çyra ýok,
Ýaran üýşüriber arkaýyn ýaňrap.

Samsyklaryň jemgyýetini açaý sen,
Neşekeşleň partiýasyn döredäý,
Parhy ýok, yzyňa düşjek tapylar –
Ýalançylyk syýasatyn ýoredäý.

Bir zady bek belle, täzeçil jenap:
Tutuş millet düwülgi bir ýumrukdyr.
Taňry onuň gara başyn sypalap,
Ak bugdaýyň hamyryna ýugrupdyr.

Yzyňa düşmeg-ä beýlede dursun,
Türkmen seni yzyna-da düşürtmez!
Baknalykdan baky halas bolan il
Indi çem geleni gözüne sürtmez.

Aýak basmaz ýerde göm köne heňiň,
Git, jara dök täze syýasatyňy.
Bu gün türkmen girdi uly aýlawa,
Bar, sen ýeke çapyber öz atyňy!
XS
SM
MD
LG