Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iordandaky protestlerde azyndan 15 adam tussag edildi


Şenbe güni Iordanyň birnäçe şäherinde hökümete garşy demonstrasiýalarda protestçiler bilen polisiýa güýçleriniň çaknyşandyklary barada maglumat alyndy.

Maglumata görä, şenbe güni ýurduň günortasyndaky Tafeleh şäherinde Iordanyň şasy Abdylla 2-njä garşy şygarlary gygyryşyp köçä çykan protestçileri dargytmak üçin polisiýa göz ýaşardyjy gazlary we dubinkalary ulanypdyr.

Iordanyň polisiýasy şu gün bu wakalarda 15 adamyň tussag edilendigini we bu adamlara “režimi agdarmak synanyşygynda” we “bulagaýçylyklary döretmekde” aýyplama bildirilýändigini tassyklady.
XS
SM
MD
LG