Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Kabuldaky partlamada azyndan alty adam öldi


Şenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulda janyndan geçen bir hüjümçi NATO güýçleriniň Kabuldaky baş edarasynyň golaýynda partlama amala aşyrdy.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Sydyk Syddyky bu partlamada azyndan alty adamyň ölüp, ýene azyndan bäş adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Partlamanyň amala aşyrylan kwartalynda Amerikan ilçihanasy we käbir beýleki ýurtlaryň diplomatik ofisleri-de ýerleşýär. Ýöne bu partlamada ejir çekenleriň şahsyýetleri barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG