Sepleriň elýeterliligi

Eýran Kanadanyň hökümetiniň kararyny tankyt etdi


Şenbe güni Eýranyň hökümeti Kanadanyň Tähran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesmek baradaky kararyny tankyt etdi.

Şu hepde Kanadanyň hökümeti Eýrany Siriýanyň režimine harby ýardamlary bermekde we ýadro meselesinde BMG-niň rezolýusiýalaryna boýun egmeýänlikde aýyplap, bu ýurt bilen özüniň diplomatik gatnaşyklaryny kesmekçidigini mälim etdi.

Mundan daşary, Kanadanyň hökümeti Eýrany Ysraýyla garşy yzygiderli duşmançylykly syýasat alyp barmakda-da aýyplady.

Öz gezeginde Eýranyň Daşary işler ministrligi Kanadanyň hökümetini Ysraýylyň “sionistik režiminiň täsirine düşmekde” aýyplady.
XS
SM
MD
LG