Sepleriň elýeterliligi

Ýewropa Bileleşigi Siriýa garşy sanksiýalary güýçlendirmekçi


Şenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Siriýanyň režimine garşy sanksiýalary güýçlendirmekligiň zerurlygy barada ylalaşyga geldiler.

Bileleşige agza 27 ýurduň daşary işler ministrleri Kiprde gurnalan bu maslahatda Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Katrin Aştondan täze sanksiýalar bilen baglanyşykly teklipleri taýýarlamaklygy haýyş etdiler.

Mundan daşary, Bileleşigiň wekilleri Siriýadaky konfliktlerden ejir çekýän ilata berilýän gumanitar ýardamlary artdyrmak barada-da ylalaşyga geldiler.
XS
SM
MD
LG