Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow “Ruhnama” güni bilen bagly gutlag etdi


Anna güni Aşgabatda ýylyň sekiz aýynyň jemlerine bagyşlanyp, ýörite hökümet maslahaty geçirildi. Bu maslahatda prezident G.Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylary “Ruhnama” güni bilen gutlady.

Ol öz çykyşynda “Ruhnamanyň” türkmen halkynyň bäş müň ýyllyk taryhyny, medeniýetini we baý ruhy dünýäsini giňden açyp görkezýändigini belledi. Ol bu kitabyň geljekki nesiller üçinem uly gymmatynyň bardygyny nygtady.

Ýurduň ozalky lideri Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnama” kitaby onuň şahsyýet kulty bilen aýrylmaz baglanyşdyrylyp gelnipdi we bu kitabyň ähli pudaklarda hökmany öwrenilmeli kitap hökmünde girizilmegini ynsan hukuklaryny goraýjy toparlar berk tankytlap gelipdiler.

Anna günki maslahatda wise-premýerler, ministrler we käbir pudak ýolbaşçylary geçen sekiz aýyň dowamynda edilen işler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
XS
SM
MD
LG