Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Eýrana we Siriýa garşy çärelerini güýçlendirmekçi


Siriýanyň Azaz şäherinde hökümet güýçleriniň ýaşaýyş jaýlary bombalamaklaryndan soň dörän harabalyk. Azaz, 3-nji awgust, 2012.
Siriýanyň Azaz şäherinde hökümet güýçleriniň ýaşaýyş jaýlary bombalamaklaryndan soň dörän harabalyk. Azaz, 3-nji awgust, 2012.
Şenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly Tährana garşy sanksiýalary girizmek arkaly görkezilýän basyşlary dowam etdirmelidigini nygtadylar.

Kiprde gurnalan bu iki günlük maslahatda ministrler Siriýanyň režimine garşy sanksiýalary-da güýçlendirmekligiň zerurlygy barada ylalaşyga geldiler.

Eýran henizem alada döredýär

Bu maslahatda eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Katrin Aşton Eýranyň häkimiýetlerini urany baýlaşdyrmak programmalarynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini subut etmeklige çagyrdy.

Şeýle hem, ol BMG-niň Atom agentliginiň inspektorlary bilen Eýranyň talabalaýyk hyzmatdaşlyklary ýola goýmagyny gazanmak ugrundaky BMG-niň üsti bilen alyp barýan tagallalaryny dowam etdirmekçidigini aýtdy.

“Maňa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan tabşyrylan borç Eýranyň öz boýun alan borçnamalaryna eýermegini üpjün etmek üçin gepleşikleriň üsti bilen ähli mümkin bolan tagallalary etmekden ybarat. Men şony-da dowam etdirerin” diýip, Katrin Aşton nygtady.

Bu maslahatyň çäklerinde Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle habarçylara beren interwýusynda Tähranyň ýadro ýaragyna eýe bolan halatynda, munuň tutuş global derejede ýadro ýaraglarynyň öndürilişiniň haýdadylmagyna sebäp boljakdygyny aýtdy.

Siriýa-da üns merkezinde boldy

Ýewropa Bileleşiginiň Kiprdäki bu maslahatynda Bileleşigiň daşary işler ministrleri Siriýadaky konfliktlerden ejir çekýän ilata berilýän gumanitar ýardamlary artdyrmak barada-da ylalaşyga geldiler.

Bileleşigiň daşary gatnaşyklar boýunça bölüminiň başlygy Katrin Aşton Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režiminiň ýurduň dürli künjeklerinde ilatly punktlara garşy amala aşyrýan ganly hüjümlerine jogap edip, onuň režimine garşy täze sanksiýalary girizmekligiň-de göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi.

Siriýadaky ynsan hukuklary boýunça iş alyp barýan we düýbi Londonda ýerleşýän guramanyň maglumatyna görä, Siriýada geçen ýylyň mart aýynda hökümete garşy halk çykyşlarynyň başlanaly bäri 26 müňden gowrak adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG