Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Eýranyň kompaniýasy bilen ylalaşygy ýatyrmakçy


Gazagystandan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana çekilýän “Demirgazyk-Günorta” demir ýol liniýasy döwletara söwda we tranzit gatnawlaryny ösdürmekligi maksat edinýar.
Gazagystandan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana çekilýän “Demirgazyk-Günorta” demir ýol liniýasy döwletara söwda we tranzit gatnawlaryny ösdürmekligi maksat edinýar.
Anna güni Aşgabatda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň kompaniýasy bilen demir ýol gurluşygy boýunça kontraktyň ýatyrylmagy baradaky teklip bilen çykyş etdi.

Özüniň bu çykyşynda Raşit Meredow, hususan-da, “Demirgazyk-Günorta” demir ýol gurluşygynyň çäklerinde Bereket we Etrek şäherçeleriniň aralygyndaky gurluşyklar boýunça 2010-njy ýylyň ýanwarynda Eýranyň “Pars Enerji” kompaniýasy bilen Türkmenistanyň ýörite kontrakt baglaşandygyny ýatlady.

Raşit Meredowyň aýtmagyna görä, bu kontraktyň şertlerine laýyklykda Eýranyň bu kompaniýasy Bereket-Etrek demir ýol gurluşygy boýunça işleri geçen ýylyň dekabryna çenli tamamlamaly eken, emma ol muny tamamlamandyr.

Maglumata görä, Eýranyň “Pars Enerji” kompaniýasynyň öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigi bilen baglanyşykly bu mesele ýakynda, 31-nji awgustda türkmen-eýran işewür toparlarynyň Tähranda geçiren gepleşiklerinde-de gün tertibinde bolupdyr.

Raşit Meredow anna günki çykyşynda Bereket-Etrek demir ýol gurluşygyndaky problemalar bilen ýakyndan tanyşmak üçin geçen hepde prezident G.Berdimuhamedowyň özüniň-de ol ýere ýörite sapar edendigini aýtdy.

Problemanyň anyk sebäbi agzalmady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň kompaniýasynyň öz boýun alan işlerini ýerine ýetirmezliginiň sebäbiniň türkmen tarapynyň borçlary bilen dahylly däldigini tekrarlady. Ol bu işde Türkmenistan tarapynyň öz borçnamalaryny doly berjaý edendigini belledi. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, Meredow bu ýüze çykan problemanyň anyk sebäpleri barada durup geçmedi.

“Frans-Press” habar agentligi Türkmenistanyň Eýranyň kompaniýasy bilen baglaşan bu kontraktynyň bahasynyň 700 million dollardygyny habar berýär.

Türkmenistanyň hökümet maslahatynda bu mesele bilen bagly beren hasabatynda Raşit Meredow “Eýranyň resmi delegasiýasy bilen geçirilen gepleşikleriň netijelerini nazarda tutup”, Eýranyň “Pars Enerji” kompaniýasy bilen baglaşylan kontrakty ýatyrmak teklibini prezident Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Meredow bu kontrakty “ikitaraplaýyn erkin ýagdaýda ýatyrmagyň” zerurdygyny nygtady we bu mesele boýunça umumy ykrar edilen halkara hukuk normalaryna laýyklykda degişli çäreleri geçirmekligi teklip etdi.

Şeýle hem, Meredow bu demir ýoluň gurluşygyny türkmen-eýran serhedine çenli Türkmenistanyň öz güýçleri bilen tamamlamagyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň hökümet maslahatynda gozgalan bu meselä we edilen tekliplere Eýranyň we kabir beýleki ýurtlaryň habar serişdeleri-de üns berdiler. Soňky iki günüň dowamynda Eýranyň habar agentliklerinde we metbugatynda bu barada ençeme maglumat peýda boldy.
XS
SM
MD
LG