Sepleriň elýeterliligi

Yragyň dürli künjeklerindäki hüjümlerde 60-dan gowrak adam öldi


Ýekşenbe güni Yragyň dürli künjeklerinde amala aşyrylan 10-dan gowrak hüjümde 60-dan gowrak adam öldi. Şu gurnalan hüjümleriň çäginde Yragyň Amara şäherinde içine bomba ýerleşdirilen iki sany maşyn partladyldy we bu partlamalarda azyndan 16 adam öldi.

Yragyň Dujail şäherinde bolsa näbelli ýaragly söweşijileriň atan okundan we janyndan geçen bir hüjümçiniň amala aşyran partlamasyndan 11 esger ölüp, 8 esger ýaralandy. Kirkuk şäherinde amala aşyrylan partlamada bolsa polisiýa edarasynda türgenleşik geçýän işgärlerden 7-si ölüp, 17-si ýaralandy.

Ýekşenbe güni Yragyň Naziriýa şäherinde-de iki sany maşyna ýerleşdirilen bomba partladyldy we onda iki adam ölüp, dört adam ýaralandy. Bu uly gerimde gurnalan hüjümleriň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG