Sepleriň elýeterliligi

Germaniýa: kürtleriň medeni çäresinde 80 polisiýa işgäri ýaralandy


Şenbe güni agşam Germaniýanyň Mannheým şäherinde ýerli kürtleriň medeni festiwalynda ýüze çykan çaknyşyklarda 80 töweregi polisiýa işgäri ýaralandy we 31 adam tussag edildi.

Polisiýanyň maglumatyna görä, bu wakada festiwaly gurnaýjylar medeni çäräniň geçirilýän ýerine kürt söweşijileriniň gadagan edilen baýdagyny göterip girmekçi bolan bir ýetginjege böwet bolmak üçin polisiýa işgärlerini çagyrypdyrlar.

Çekeleşigiň ýüze çykan ýerine polisiýa işgärleri baranda, ol ýere ýygnanan adamlaryň bir topary bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklar ýüze çykypdyr. Wakada polisiýanyň maşynlaryndan 13-sine zyýan ýetendigi-de habar berilýär.
XS
SM
MD
LG