Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň prezidenti Kanada öz minnetdarlygyny bildirdi


Ýekşenbe güni Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres Eýran bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesendigi üçin Kanadanyň hökümetine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Bu baradaky resmi beýanatynda Şimon Peres “Kanada öz hereketi bilen ýene bir gezek moral prinsipleriň pragmatizmden öňde durýandygyny görkezdi” diýip belläpdir.

Şu geçen hepdäniň anna güni Kanadanyň hökümeti özüniň Eýrandaky ilçihanasyny ýapýandygyny hem-de Eýranyň Kanadadaky ähli diplomatyny bu ýurtdan çykarýandygyny yglan etdi.

Kanada munuň sebäbini Tähranyň ýadro programmasy meselesinde BMG-niň rezolýusiýalaryna boýun egmeýänligi, onuň Siriýanyň režimine harby ýardam berýänligi, galyberse-de onuň Ysraýyla garşy yzygiderli duşmançylykly syýasat alyp barýanlygy bilen düşündirdi.

Öz gezeginde Eýran Kanadany Ysraýylyň “sionistik režiminiň täsirine düşmekde” aýyplady.
XS
SM
MD
LG