Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet: APEK hyzmatdaşlygy guramasynyň sammiti tamamlandy


Ýekşenbe güni Orsýetiň Uzak Gündogar regionyndaky Wladiwostok şäherinde APEK hyzmatdaşlygy guramasynyň liderleriniň iki günlük sammiti tamamlandy.

21 döwleti öz içine alýan Aziýa-Ýuwaş okean ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň liderleri Ýewropadaky maliýe krizisleri sebäpli pese düşen global ykdysady ösüşi kadalaşdyrmak üçin söwdalary liberallaşdyrmagyň zerurlygyny nygtadylar.

Şeýle hem, olar Orsýetdäki we Birleşen Ştatlardaky gurakçylyk problemalary sebäpli azyk üpjünçiligi pudagynda proteksionist syýasata eýermeli däldigi barada-da birmeňzeş karara geldiler.

APEK guramasyna agza ýurtlar dünýäniň ilatynyň 40 prosentini öz içine alýar we bu ýurtlara global söwda dolanyşygynyň 44 prosenti degişli.
XS
SM
MD
LG