Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: energetika senagatynyň işgärleriniň güni bellenildi


Şenbe güni Türkmenistanda energetika senagatynyň işgärleriniň güni bellenip geçildi. Şu waka gabatlanybam, Aşgabadyň “Sergi köşgünde” energetika meselesi boýunça halkara forumy we sergisi gurnaldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Mejlisiniň agzalary bilen birlikde, käbir daşary ýurtlaryň diplomatik edaralarynyň-da wekilleri gatnaşdylar.

Üç gün dowam etjek bu sergide Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň 70-den gowrak önümçilik kompaniýasynyň elektrik enjamlary we önümleri görkeziler.
XS
SM
MD
LG