Sepleriň elýeterliligi

“Ilinden aýra düşen ah urar, ili gözlär…”


Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde dürli milletleriň medeniýeti boýunça geçirilen medeni çärede türkmen diasporasynyň gurnan pawiliony. Bişkek, iýul, 2012.

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde dürli milletleriň medeniýeti boýunça geçirilen medeni çärede türkmen diasporasynyň gurnan pawiliony. Bişkek, iýul, 2012.

Mundan 20 ýyl çemesi ozal garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji prezidenti S.Nyýazow: “Men türkmeni dünýäniň dürli künjeginde döşüni gaýşardyp gezer ýaly ederin” diýipdi. S.Nyýazowyň beren köp-köp wadalary başa barmasa-da, onuň bu aýdany özboluşly bir hakykata öwrüldi diýsek, ýalňyş bolmasa gerek.

Häzir türkmenler dünýäniň dürli künjegine ýaýradylar. Olar Watany taşlap, dürli ýurtlara gidýärler. Soňky döwürde bu git-hä-gidişlik has hem güýçlendi we türkmen hökümeti bu ýagdaýy dürli gadagançylyklar bilenem saklap bilmedi.

Häzirki wagt dünýäniň örän köp ýurdunda türkmenleriň bardygy aýdylýar. Olar dürli işlerde işleýärler ýa-da sosial kömekler arkaly gün-güzeran görýärler. Olar nirede bolsalar-da, nähili işde işleseler-de, öz türkmenligini gorap saklamaga çalyşýarlar.

“Bu ýagdaý aýratyn-da ýaşlara kyn düşýär. Muňa garamazdan, öz milli aýratynlyklaryny gorap saklamak hem ony ösdürmek barada olar köp tagalla edýärler” diýip, häzir Orsýetde ýaşaýan hem işleýän Tagan aga aýdýar.

Azatltk Radiosy şu mesele barada Günorta Sibirdäki Irkutsk şäherinde ýaşaýan hem işleýän türkmenleriň ýaşulularyndan biri Tagan aga bilen gürrüňdeş boldy.

Şu baradaky ýörite gepleşigi diňlemek üçin, şu ýere basyň:
XS
SM
MD
LG