Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Prawoslaw lideri ybadathana hüjüm astynda diýýär


Partriarh Kiril Moskwanyň Baş kilisesinde Borodino söweşiniň hatyrasyna geçirilen dabarada çykyp gürledi. 9-njy sentýabr, 2012.

Partriarh Kiril Moskwanyň Baş kilisesinde Borodino söweşiniň hatyrasyna geçirilen dabarada çykyp gürledi. 9-njy sentýabr, 2012.

Orsýetiň Prawoslaw ybadathanasynyň ýolbaşçysy ybadathana we dini gymmatlyklara onuň post-sowet dikelişinden gorkýanlar tarapyndan hüjüm edilýär diýýär.

Partriarh Kiril şenbe güni Moskwanyň Baş kilisesinde 1812-nji ýyldaky Borodino söweşiniň hatyrasyna geçirilen dabarada çykyp gürledi.

Kiril 200 ýyl mundan öň Napoleonyň güýçlerine garşy gurlan söweş şu günki Orsýet üçin sapak diýdi. Ol bu urşuň “şek ýetirmek we masgaralamak” haýbaty bolandygyny öňe sürdi.

Ybadathana üçin synag

Patriarh Kiril biraz soň ors telewideniýesinde Prawoslaw ybadathanasy häzir “synagdan” geçýär diýdi.

“Men bu Orsýetde prawoslawiýa ynamyň we wepalylygyň çuňlugyny synamak üçin edilýän barlag hüjümi bolmasyn diýip hem oýlanýan” diýip, Kiril “Rossiýa” telewideniýesine aýtdy.

“Onsoň bu gün, meniň pikirimçe, şol prowokasiýany başlanlar öz öňlerinde duranlaryň ýüzsüz, ümsüm köpçülik däldigini, eýsem mukaddes zatlary goramaga taýýar adamlardygyny gördüler” diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de Kiril hökümet bilen ybadathananyň arasyndaky baglanyşyklaryň ösýändigi baradaky aladalary ret etdi we bolýan zadyň “birleşmek däl-de, jemgyýetiň hristianlaşmasydygyny” belledi.

Kiril Moskwa kilisesinde “pank dogasyny” okan agzalary iki ýyl türmä basylan “Pussy Riot” saz toparyny agzamady.

Nägilelige garşy kampaniýa

17-nji awgustda çykarylan we gereginden has agyr jeza hökmünde halkara tankydyna sezewar bolan hökümden bäri, Orsýetde we Ukrainada wandallar “Pussy Rioty” goldap, birnäçe agaç hajy kesip taşladylar.

Prezident Wladimir Putiniň tankytçylary “Pussy Riot” saz toparyna garşy gozgalan jenaýat işiniň Orsýetde nägileligi basyp ýatyrmak üçin gurnalýan kampaniýanyň bir bölegidigini aýdýarlar.

Bu aýdym-saz toparynyň tarapdarlary ýekşenbe güni Sankt Peterburgda bir konserte toplandylar, aýdym aýdanlaryň arasynda DDT topary hem boldy.

DDT-niň öňe çykan wekili Ýuriý Şewçuk syýasy repressiýa garşy çykyş etdi.

“Ýigrimi ýyl mundan öň biz syýasy repressiýa garşy göreşdik. Bu gün biz ýene şol göreşde. Ýigrimi ýyl geçdi, emma hiç zat üýtgemedi” diýip, Şewçuk ýygnananlara aýtdy.

Biziň habarçymyz Orsýetiň demirgazyk şäherinde bolan konsertiň geçen klubynyň daşynyň köp sanly polisiýa işgäri bilen gurşalandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG