Sepleriň elýeterliligi

$700 millionlyk türkmen-eýran şertnamasy näme üçin ýatyrylýar?


2010-njy ýylyň ýanwar aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň “Pars Energy” kompaniýasy bilen demirýoluň Bereket-Etrek bölegini gurmak hakynda $696 million dollarlyk şertnama baglaşylypdy.

2010-njy ýylyň ýanwar aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň “Pars Energy” kompaniýasy bilen demirýoluň Bereket-Etrek bölegini gurmak hakynda $696 million dollarlyk şertnama baglaşylypdy.

Türkmenistan “Demirgazyk-Gündogar” halkara demirýolunyň gurluşygynyň türkmen bölegini gurmak baradaky Eýranyň “Pars Energy” kompaniýasy bilen $700 million dollarlyk şertnamasyny ýatyrdy. Bu barada 7-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow görkezme berdi.

Türkmen telewideniýesiniň maglumatyna görä, bilelikdäki türkmen-eýran iş toparynyň 31-nji awgustda Tähranda geçiren gepleşiklerinde “Demirgazyk-Günorta” transkontinental demirýolunyň türkmen bölegini gurmak hakynda şertnamanyň ikitaraplaýyn erkin ýagdaýda ýatyrylmagynyň zerurdygy aýdylypdyr.

“Pars Energy” kompaniýasynyň öz käbir ykdysady ýagdaýlary sebäpli bu möhüm ýoluň özüne ynanylan böleginiň gurluşygyny meýilnama laýyklykda ýerine ýetirip bilmeýänligi bizi, elbet-de gynandyrýar” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatynda eden çykyşynda nygtady, ýöne ol munuň sebäpleri barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Döwlet baştutany demirýoluň bu böleginiň gurluşygyny Türkmenistanyň öz güýji bilen ýerine ýetirjekdigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Demirgazyk-Günorta” halkara demirýolunyň gurluşygy bilen bagly bu proýektiň “sebitdäki döwletler üçin hem örän uly ähmiýete eýedigini” belledi.

“Pars Energy” kompaniýasy bilen möhüm şertnamanyň ýatyrylmagy ýaly waka Türkmenistanyň goňşy ýurdy Eýran bilen gatnaşyklarynda ilkinji gezek bolýar diýlip hasaplanýar.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň bu hereketi Eýranyň ýadro programmasy bilen baglylykda Tährana garşy halkara basyşyň ýiti döwrüne gabat gelýär.

Öňe sürülýän çaklamalar

Synçylar “Demirgazyk-Günorta” demirýolunyň türkmen böleginiň gurluşygynyň eýranly şirketden türkmen şirketine geçirilmeginiň maliýe-ykdysady sebäpleri bilen bir hatarda, syýasy sebäpleriniň hem bolup biljekdigini öňe sürýärler.

Orsýetiň Strategiki barlaglar institutynyň syýasy analitigi Aždar Kurdow “Pars Energy” kompaniýasynyň demirýol gurluşygy boýunça ýöriteleşdirilen edara däldigini belleýär we onuň dogrudan hem şertnama boýunça iş alyp barmakdan ejiz gelen bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýar. Şol bir wagtyň özünde ol Türkmenistanyň eýranly kompaniýa bilen şertnamasyny ýatyrmagyna Tährana garşy halkara basyşyň täsiriniň hem bardygyna ynanýandygyny aýdýar.

Kurdow: “Munuň aýdyň delili hökmünde Aşgabadyň, ýagny türkmen hökümetiniň ABŞ ýaly ýurduň Eýrana garşy basyşynyň täsirine düşendigini aýdyp bolar, çünki ABŞ Eýranyň biznesiniň islendik bir proýekt üçin pul gazanmagyny islemeýär”.

Eýranly kompaniýanyň pul gazanmagyna ýol berlen ýagdaýynda Waşingtonyň Tährana garşy alyp barýan ykdysady taýdan bogujy syýasatyna garşy gelindigi bolardy diýip, Aždar Kurdow nygtaýar.

2010-njy ýylyň ýanwar aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň “Pars Energy” kompaniýasy bilen demirýoluň Bereket-Etrek bölegini gurmak hakynda $696 million dollarlyk şertnama baglaşylypdy.

Resmi maglumatda bu gurluşyk işleriniň şertnama boýunça 2011-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlanmalydygy aýdylýar.

Proýekt boýunça 900 kilometr uzynlykdaky “Demirgazyk-Günorta” demirýoly Gazagystanyň Aktau regionyndan başlanyp, Türkmenistanyň üsti bilen Eýranyň demirgazyk sebitine baryp ýeter.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG