Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň baş Prawoslaw ruhanysy Prawoslaw kilisesiniň hüjüm astyndadygyny aýtdy


Orsýetiň Prawoslaw kilisesiniň baş ruhanysy kilisä we onuň esasy gymmatlyklaryna onuň postsowet döwründe aýaga galmagyndan gorkýanlar tarapyndan hüjüm edilýänligini aýtdy. Patriarh Kirill hepdäniň şenbe güni Moskwanyň baş Prawoslaw ybadathanasynda 1812-nji ýylyň Borodino söweşinde wepat bolanlaryň hatyrasyna geçirlen dini ybadatynda çykyş etdi. Kiril 200 ýyl mundan ozal Napoleonyň goşunyna garşy bolan şol söweşiň şu günki Orsýet üçin sapak bolanlygyny aýtdy we häzirki wagtda yurduň “dine şek ýetirmekligiň we eden-etdiligiň” howpunyň astyna düşenligini aýtdy. Kirill bu çkykyşynda “Pussy Raýt” pank aýdymçylar toparyny agzamady bu toparyň üç agzasy Moskwanyň baş kilisesinde pank dogasyny okap aýdym aýdandyklary üçin iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. 17-nji awgustda çykarylan bu karar halkara derejesinde çakdanaşa berk diýilip, tankyt edilipdi.
XS
SM
MD
LG