Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ “Bagram” türmesini owgan häkimiýetlerine berýär


Hepdäniň duşenbe güni Birleşen Ştatlar “Bagram” türmesini owgan resmilerine dabaraly ýagdaýda tabşyrdy. Owganystanyň harby polisiýasynyň ýolbaşçysy Safiullah Safi öz edarasynyň garamagyna “3,182 tussagyň geçirlenligini” aýtdy.

Birleşen Ştatlar we Owganystan mart aýynda ylalaşyga gol çekip. Kabulyň demirgazygyndaky türmä gözegçiligi owgan häkimiýetlerine tabşyrmak boýunça alty aýlyk prosessi başlapdylar. Birleşen Ştatlar bu türmede saklanýanlaryň gynalyp öldürilmegi bilen bagly günälemeler bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Häzirki wagtda “Bagram” tümesinde, ylalaşyga gol çekilensoň iberilen 600-e golaý bendiniň, şol sanda 50 sany daşary ýurtlynyň kimiň gözegçiliginde bolmalydygyna degişli mesele kesgitsiz galýar.
XS
SM
MD
LG