Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ýowar möwsümi başlandy


Ýowara çykmak mejbury bolansoň edara kärhanalarda, mekdepdir ýokary okuw jaýlarynda, arassalaýyş işleri bilen meşgullanyp ýören adamlara duş gelse bolýardy.

Ýowara çykmak mejbury bolansoň edara kärhanalarda, mekdepdir ýokary okuw jaýlarynda, arassalaýyş işleri bilen meşgullanyp ýören adamlara duş gelse bolýardy.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän ýowar möwsümi başlandy. Bu ýowarlary geçirmek barada 7-nji sentýabrdai bolan hökümet maslahatynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň birinji sekretary K. Babaýew tarapyndan prezidente teklip edildi.

"Şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda her şenbe günlerinde şäherlerde, şäherçelerde, obalarda, ilatly ýerlerde, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilik ýerlerinde köpçülikleýin arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini geçirmek, oktýabr aýynyň 15-ne bolsa bütin ýurdumyzda agaç nahallaryny oturtmak boýunça ýowar guramak barada başlangyç bilen çykyş etmek we mähriban prezidentimiz, size ak pata bermegiňiz üçin ýüzlenmek barada teklipler gelip gowuşdy" diýip, Demokratik partiýanyň wekili aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi diňe kabul etmek bilen çäklenmän, beýleki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olary hem ”Demokratik partiýa” tarapyndan teklip edilýän bu çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Ol: "Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýanyň Garaşsyzlygyň şanly 21 ýyllygy baýramy mynasybetli ýurdumyzda ýowarlary geçirmek baradaky başlangyjyny, elbetde, goldamaly" diýdi.

Paýtagtyň köçelerinde G.Berdimuhamedowyň aýdan sözleri şygar edilip asyldy.

Paýtagtyň köçelerinde G.Berdimuhamedowyň aýdan sözleri şygar edilip asyldy.

Onsoň, bu teklibe laýyklykda, şenbe güni ýurduň býujet edara kärhanalarynyň, döwlet guramalarynyň işgärleri, ýokary we orta okuw jaýlarynyň studentleri we okuwçylary ýowara çykdylar. Şol gün paýtagtyň köçelerinde geçen hepdäniň anna güni hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň agzyndan sypdyran “Aşgabat - suw çüwdürimleriniň, arassaçylygyň, aýdym-sazyň we söýginiň şäheridir!” diýen sözleri şygar edilip asylypdyr.

Nägilelik

Şol sözleriň şygar bolmalydygy barada ýurt baştutany şol maslahatda belläp geçipdi. Hökümet ýygnagynda edilen çykyşlardan tapawutlylykda, sowet döwründen galan bu ýowarlar, elbetde, käbir ýaşaýjylaryň göwnünden turmady, olardan birem ýowara çykmaga mejbur bolan mugallym Serdar.

Serdar: "Öňki köpçülikleýin çäreleri az gördüler öýdýän. Şol gün ýowardan soň 'Altyn asyr' seýilgähine energetikleriň gününe bagyşlanyp geçirilen çärä hem gitmeli boldy" diýip, ýokary okuw jaýynyň mugallymy Serdar öz närazylygyny bildirdi.

Emma ýowara çykmak mejbury bolansoň, şenbe güni paýtagt Aşgabat we onuň töwereginde ýerleşýän edara kärhanalarda, mekdepdir ýokary okuw jaýlarynda, arassalaýyş işleri bilen meşgullanyp ýören adamlara duş gelse bolýardy.

Olaryň arasynda ýaşy bir çene ýeten ýaşulular bilen bir hatarda studentleri we okuwçylary hem görmek bolýardy. Studentler ýowara sport egin-eşiginde gelen bolsalar, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri adatdakydan tapawutly köneräk egin-eşik geýip ýowara çykypdyrlar.

Olaryň käbirleriniň ellerinde pil bolsa, beýlekileri sübse bilen ýer süpürýärdiler. Garaz, ýowara çykmadyklara garşy çäre görüljekdigi aýdylansoň, paýtagtyň geçen şenbe güni adatydan tapawutly ýagdaýa şaýat bolandygyny aýtmak mümkin.

Uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda ýowarlary geçirmeklik sowet döwründen bäri gelýär. Emma şu ýyl baýramçylyk seneleriniň öňüsyrasynda yzygiderli birnäçe ýowarlary geçirmek tendensiýasy bar.

Mysal üçin, şu ýylyň aprel aýynda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp ýurtda ilkinji gezek geçirilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi” diýlip atlandyrylan çäreden soň bir hepdeläp ýurt boýunça ýowar geçirilipdi. Ýowara çykmaly bolan ildeşlerimizden käbirleriniň aýtmaklaryna görä, bu başlangyjyň gelejekde adaty bir ýagdaýa öwrülmek tendensiýasy bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG