Sepleriň elýeterliligi

"HRW" Gazagystany “rehimsiz” reaksiýada tankytlady


Ynsan hukuklaryny goraýjy "Human Rights Watch" guramasy Gazagystanyň hökümetini we nebit kompaniýalaryny müňlerçe Gazagystanly zähmetkeşiň hak-hukuklaryny yzygiderli bozmakda aýyplady. Duýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän bu gurama 10-njy sentýabrda çap eden hasabatynda, geçen ýylda işçileriň adam pidaly protestleriniň ýurtda zähmetkeşleriň hukuklarynyň we adam hukuklarynyň äsgerilmezligi bilen bagly problemanyň üstüni açanlygyny aýtdy.

Hasabatda Gazagystanyň adyna milli zähmet kanunlaryny halkara kadalaryna getirmek, yurduň Yewropa Bileleşigindäki partnerlaryna bolsa gazak zähmetkeşleriniň hukuklarynyň bozulmagyna göz ýummazlyk barada çagyryşlar edilýär.
XS
SM
MD
LG