Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Brahiminiň "missiýasy mümkin däl"


Lakhdar Brahimi: "Men Siriýanyň halkyna nahili gulluk etjekdigim barada eýýäm pikir alyşdym”.

Lakhdar Brahimi: "Men Siriýanyň halkyna nahili gulluk etjekdigim barada eýýäm pikir alyşdym”.

BMG-nyň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça täze wekili Lakhdar Brahiminiň Siriýa ilkinji saparyna taýýarlyk görýän wagtynda ýurtdaky konflikt güýjeýär, bosgunlar meselesi ýitileşýär, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Siriýadaky konflikte çemeleşmek boýunça iki topara bölünýar.

Lakhdar Brahimi BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa meselesi boýunça täze wekili hökmünde öz missiýasynyň “mümkinçiligine şübheli” garaýar.

Bu işde üstünlik gazanmak üçin ol Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimi bilen oppozisiýadaky güýçleriň arasynda 18 aý bäri dowam edip gelýän söweşiň soňuna çykmaly, şeýle hem Siriýa konflikti boýunça BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki ýiti garşylygy ýeňip geçmeli bolar.

Tejribeli diplomat

Brahimi konflikt meselesi boýunça iş salyşýan spesialisti we Alžiriň tejribeli weteran diplomaty hasaplanýar.

Ol Liwanda parahatçylyk planyny amala aşyrmakda araçy boldy we bu ýurtda graždan urşunyň soňlamagyny gazandy. Şeýle hem ol Owganystanda we Eýranda BMG-niň wekili bolup işledi.

Damaska saparynyň öň ýanynda ol şu gün Kairde soňky synagyna başlady. Kairde ol Müsüriň we Arap Ligasynyň wekilleri bilen duşuşar.

Geçen aýda BMG-niň baş sekretary Ban Ki-mun tarapyndan bu missiýa bellenen wagtynda Brahimi özüne ynanylan missiýa barada optimistik pikirdedi.

Brahimi: “Baş sekretar! Haçanda siz maňa jan edeniňizde men özümiň buýsanýandygymy, begenýändigimi, şeýle hem gorky duýgusyny başymdan geçirýändigimi aýdypdym. Mende häzir hem şeýle duýgular bar. Men, elbetde, bu işe janym bilen ýapyşaryn. Men Siriýada we sebitde käbir adamlary tanaýaryn. Men ol ýerdäki ýagdaý barada, BMG-ä, size, Arap Ligasyna we Doktor Nabil Elarabya (Red. Arap Ligasynyň baş sekretary), esasan hem Siriýanyň halkyna nahili gulluk etjekdigim barada eýýäm pikir alyşdym”.

Başa barmasy kyn missiýa

Bu onuň sebitdäki ýagdaýdan bihabardygyny aňlatmaýar. 3-nji sentýabrda BBC bilen interwýuda Brahimi öz missiýasynyň “başa barjagyna şübheli” garaýandygyny aýtdy.

Mundan ozal meşhur diplomat BMG-niň öňki baş sekretary Kofi Annan Siriýada parahatçylyk planyny amala aşyrmakda üstünlik gazanyp bilmän wekilçiliginden çekildi.

17-nji awgustda Bahraminiň wezipä belleneli bäri ýagdaý has hem beterleşýär.
Diňe awgust aýynda Siriýada 500-den gowrak adam öldürildi diýip, Siriýada Adam hukuklaryna gözegçilik edýän topar 2-nji sentýabrda yglan etdi. Azyndan 250 müň töweregi adam ýurdy terk etdi. Geçen hepdede BMG Siriýa donor kömegini bermek üçin ozalky planynda görkezilen sandan iki esse köp, ýagny 347 million dollar ýygnamaga çagyryş etdi.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän “Century Foundation” edarasynyň uly işgäri Jeffreý Laurenti missiýanyň ozalky wekilinden Brahiminiň käbir ýagdaýlarda gowşak gelýän taraplarynyň bardygyny aýdýar. Mysal üçin, Brahimi ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillary Klinton ýa-da Orsetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen araçynyň üsti bilen gepleşik geçirmeli bolar, şol bir wagtyň özünde Annan olar bilen göni gepleşmäge ukyplydy, diýip Laurenti aýdýar.

"Gural bar, anyk plan ýok"

Şol bir wagtyň özünde Laurenti Brahiminiň güýçli tarapyny bellemek bilen, onuň Arap dünýäsinde “ýaranlarynyň” bardygyny aýdýar. Bu Siriýadaky hökümet we oppozision güýçler barada has takyk informasiýa almaga kömek bolar diýip, Laurenti nygtaýar.

Brahimi konflikti çözmek üçin özünde “guralyň” bardygyny metbugatda eden çykyşynda aýtdy, ýöne BMG-niň diplomatlary bilen bir hatarda özüniň häzirlikçe anyk planynyň ýokdugyny nygtady.
XS
SM
MD
LG