Sepleriň elýeterliligi

Mitt Romneý Eýranyň Obamanyň “iň uly şowsuzlygy” bolanlygyny aýtdy


Birleşen Ştatlaryň Respublikan partiýasynyň prezidentlige dalaşgäri Mitt Romneý ýekşenbe günki çykyşynda, Eýranyň ýadro programmasyny prezident Barak Obamanyň “iň ilu şowsuzlygy” atlandyrdy we özüniň Birleşen Ştatlaryň prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda meselä başgaça çemeleşjegini aýtdy. Romneý Eýran Yslam Respublikasy babatynda alyp barjak syýasaty barada jikme-jik maglumat bermedi.

Günbataryň Eýran bilen gepleşikleri Tähranyň ýadro programmasynyň üstünde işlemeginden el çekmegi talap edilensoň togtadylypdy.

Romneý Birleşen Ştatlaryň Owganystan babatyndaky syýasatyny üýtjetmekçidigini hem mälim etdi. Romneý ykdysady dikeldiş barada sözlän sözünde Barak Obamanyň syýasatyny “işsizlikli dikeldiş” atlandyrdy. Şol bir wagtda-da Romneý Barak Obamanyň saglygy saklaýyş boýunça 2010-njy ýylda kabul eden kanunynyň esasy wezipelerini dowam etdirjekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG