Sepleriň elýeterliligi

Haşimi suduň hökümini ret edýär


Yragyň gaçgak sünni wise-prezidenti Tarik al-Haşimi. 10-njy sentýabr, 2012 ý.

Yragyň gaçgak sünni wise-prezidenti Tarik al-Haşimi. 10-njy sentýabr, 2012 ý.

Yragyň gaçgak sünni wise-prezidenti Tarik al-Haşimi özüne garşy çykarylan ölüm jeza hökümini iňkär etdi.

Ýekşenbe güni Tarik al-Haşimi gaýybana sud edilip, ol özüniň garşydaşlaryny öldürmek boýunça çäreleri geçirmekde günäli tapylyp, dardan asmak arkaly ölüm jezasyna höküm edildi. Haşimi duşenbe güni Ankarada çykyş edip, bularyň ählisiniň gurnalandygyny aýtdy.

Haşimi: “Bu ýene-de bir gezek işiň syýasy matlaplar bilen gurnalandygyny we adalatsyzdygyny görkezýär. Bu zatlaryň maksady meni syýasy tarapdan gyraklatmak. Suduň hökümi adalatsyz. Ol syýasalaşdyrylan. Men muny kabul edemok” diýdi.

Haşimi özüniň howpsuzlygy doly kepillige alynýança yzyna dolanmajakdygyny aýtdy.

Ol yraklylary birleşip premýer-ministri Nuri al-Malika garşy çykmaga çagyrdy.

Haşimi: “Eý beýik halkyň nesli, premýer-ministr Nuri al-Malika we onuň arkasynda duranlara muny mezhep meselesine öwürmegine ýol bermäň. Bu dildüwşüklige garşy parahatçylyk ýol bilen garşylyk görkeziň. Haşimini we onuň maksatlaryny goldaýan adamlar Yragyň topraklarynda hiç kimi ezmez” diýdi.

Haşimi Yrakda sünni musulmanlarynyň arasyndan iň ýokary derejeli resmi bolupdy. Ol Yragyň awtonimiýasyndaky Kürdistan sebitine barypdy. Ol ýeriniň ýolbaşçylary Haşimini federal hökümetine tabşyrmakdan ýüz öwüripdiler. Aprel aýyndan bäri Haşiminiň Türkiýede gaçybatalga alandygy aýdylýar.

Ýekşenbe güni geçirilen sudda Haşima ölüm jezasy berildi. Sudda bir aklawçynyň we generalyň öldürilmegi boýunça diňlenşik geçirildi. Ol Haşima we onuň janpenalaryna bildirilýän 150-den gowrak aýyplamalaryň ilkinjileri boldy.
XS
SM
MD
LG