Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara hukuk topary Gazagystany tankytlaýar


Kazak protestçileri Žanözen şäherinde ýykylan Täze Ýyl ýolkasyny depýärler. 16-njy dekabr, 2011.
Kazak protestçileri Žanözen şäherinde ýykylan Täze Ýyl ýolkasyny depýärler. 16-njy dekabr, 2011.
Adam hukuklaryny goraýjy tanymal gurama Gazagystanyň hökümetini we birnäçe nebit kompaniýasyny nebit pudagynda işleýän müňlerçe adamyň hak-hukuklaryny yzygiderli depelemekde aýyplady.

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy şu gün çap eden hasabatynda geçen ýyl uzaga çeken protestler netijesinde polisiýa tarapyndan 16 adamyň öldürilmeginiň, müňlerçe adamyň işden boşadylmagynyň we zähmet hukuklarynyň, şol sanda käbir beýleki hukuklaryň äsgerilmezliginiň has ulurak problemalara ünsi çekýändigini aýtdy.

Agzalýan guramanyň Gazagystanyň nebit pudagynda zähmet hukuklarynyň bozulmagy baradaky raporty Gazagystanyň hökümetiniň we şol ýerde iş alyp barýan Günbatar nebit kompaniýalarynyň öz işägärleriniň bileleşik döretmek erkinligini, topar bolup ylalaşyga gelmek we söz azatlygy boýunça hukularyny bozandygy baradaky maglumatlary öz içine alýar.

Hukuk goraýjy guramanyň wekili Mihra Rittmann täze hasabatda işçileriň hak-hukuklary bozuldy diýilýän pikirler barada Azatlyk Radiosyna şeýle maglumat berdi:

"Şol hukuk bozmalar, işçileriň bileleşip gepleşikler geçirmek tagallasyna goşulyşmak we parahatçylykly protestlerden soň köpçülikleýin işden boşatmalar ýaly ýagdaýlary öz içine alýar. Biz bu ýagdaýlara ýakyndan syn edip, gelejekde işçileriň hak-hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almagy üçin hökümete öz tekliplerimizi hödürlemegi makul bildik.”

Adam hukuklaryny basgylaýan firmalar

Raportda agzalýan üç kompaniýanyň ikisi bilelikdäki kärhanalar bolup, olar: Gazak-Hytaý kompaniýasy “KarazhanbasMunai JSC”, bir bölegi Italiýanyň “Eni” kärhanasyna degişli bolan “Ersai Caspian Contractor LLC-dir”. Üçünji firma bolsa, “Gazak OzenMunaiGas” kompaniýasydyr.

Kompaniýalaryň üçüsinde işleýän nebitçiler we bileleşigiň liderlerleri bilen geçirilen iterwýularyň hem-de barlag işleriniň esasynda ýazylan raporta görä, 2011-nji ýylyň maý aýynda işçileriň kollektiwleýin ylalaşyga gelmek synanyşyklaryna hökümet resmileri ilkibaşda biparh seredipdiler. Ondan soňra işçiler bileleşiginiň liderlerine basyş edilip, üç kompaniýadan jemi 2000 adamy işden boşadypdyrlar.

Barlyşyk boýunça gepleşikler şowsuz bolansoň, müňlerçe işçi iş taşlaýyş yglan etdi. Olardan käbiri açlyk yglan etdi. Hökümet ýolbaşçylary käbir protestleri zorluk bilen ýatyryp, işçiler bileleşiginiň birnäçe liderini we wekilini türme tussaglygyna höküm edipdiler.

Adam pidalaryna getiren konflikt

Geçen ýylyň dekabr aýynyň 16-synda polisiýa, nebit kompaniýasynyň eşigindäki näbelli adamyň konflikti ýitileşdirmegi sebäpli, Žanözen şäherinde protest görkezýän nebitçileriň garşysyna ot açyp başlapdy. Şol çaknyşykda jemi 16 adam heläk bolupdy.

Şol wakadan soňra resmiler Žanözende protest geçirýän nebitçilere we aktiwistlere garşy berk çäre görüp başladylar.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy Gazagystany işçilere degişli kanunlaryny, ýagny olaryň bileleşmek we topar bolup ylalaşyga gelmek hem-de protest bildirmek ýaly hukuklaryny halkara standartlaryna gabat getirmäge çagyrýar.

Ondan başga-da, adam hukularyny goraýan gurama öz raportynda hökümetden bileleşigiň agzalaryny goramagy we olara görkezýän basyşlaryny bes etmegi talap edýär. Şeýle-de, agzalýan gurama öz raportynda Gazagystanyň daşary ýurtly partnýorlaryna, aýratyn-da Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan ýurtlara ýüzlenip, olary gazak işçilereniň hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly meselelere biparh garamazlyga çagyrýar.
XS
SM
MD
LG