Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan taryhçysy Stalingrad söweşi barada


Stalingradyň merkezi wogzaly. 1942 ý.
Stalingradyň merkezi wogzaly. 1942 ý.
Geçen aý Stalingrad söweşiniň başlanmagyna 70 ýyl doldy. Bu şäheriň gabawy Ikinji jahan urşunyň iň elhenç we gazaply epizodlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

1942-nji ýylyň 23-nji awgusty bilen 1943-nji ýylyň 2-nji fewraly aralygynda bolup geçen Stalingrad ugrundaky söweş, Kursk halkasyndaky söweş bilen bir hatarda Ikinji jahan urşunyň aýgytlaýjy pursatlarynyň biridir.

Berilýän käbir sanlara görä, Stanlingraddaky çaknyşyklarda iki milliona golaý adam ölüpdir.

Azatlyk Radiosy belli britan taryhçysy, “Stalingrad” kitabynyň awtory Entoni Biwor bilen söhbetdeşlik geçirip, Stalingrad şäheriniň gabawy, ony azat etmek ugrundaky söweş, şeýle-de munuň bilen bagly beýleki wakalar barada gürrüň etdi.

Azatlyk Radiosy: 1970-nji ýyla çenli iňlis dilli döwletlerde Ikinji jahan urşunyň taryhy agzalanda Günbatar fronta has uly üns berlip, onuň Gündogar fronty barada onçakly köp maglumat hem berlenokdy. Siziň kitabyňyzda we oňa kybapdaş ýazylan beýleki eserlerde bu ýagdaýlara başgaçarak çemeleşilýär. Siziň pikiriňizçe, häzir şol urşa bolan garaýyşlar belli bir derejede üýtgäp başladymy?

Entoni Biwor: Men munuň şeýledigine ynanýan. Ýöne bu söweşiň diňe Gündogar frontunyň beýan edilmegi bilen çäklenmeýär. Meniň pikirimçe, Günbatar taryhçylary bu ýagdaýy ryswalyk bilen duşundan geçirýärdiler.

Munuň üstesinede, Sowuk uruş döwründe Sowet Soýuzy köp taryhy maglumatlary Günbatardan gizlin saklapdy.

Azatlyk Radiosy: Eger-de Ikinji jahan urşunyň nukdaýnazaryndan garalsa, Stalingrad söweşiniň ähmiýeti näderejede wajyp?

Entoni Biwor: Ilki bilen Stalingrad söweşiniň Ikinji jahan urşunyň psihologiki taýdan aýgytlaýjy pursaty bolandygyny nygtamaly. Mundan soň hem Gyzyl goşuna hem-de Germaniýanyň armiýasyna ýagdaýlaryň üýtegejekdigi aýan boldy. Ýagny, mundan beýläk hereket günbatara tarap bolar, Berlin hem Stalingradyň ykbalyny gaýtalar.

Meniň pikirimçe, şol döwrüň sedasy häzir hem ýaň berýär. Şu günlere çenli saklanan, Reýhstagyň binasynda sowet esgeriniň galdyran “Stalingrad-Berlin” diýen ýazgysyny hem görmek bolýar. Bu iki şäher köp adamlaryň beýnisinde biri-biri bilen gaty utgaşypdy.

Bu wakalar barada gürrüň edilende, men bir wakany gürrüň beresim gelýär. Bir gartaşan ors polkowniginiň Stalingrad söweşinden soň ýesir alnan german esgerine şäheriň weýrançylyklaryny görkezip, “Ine, seret, Berlin hem şu hala geler!” diýip gegyrmagy mende uly täsir galdyrdy.

Stalingrad-Berlin arabaglanyşygy köp kişiniň aňynda berk ornaşdy. Stalingraddan soň, Germaniýanyň ýeňiljekdigi ap-açyk aýdyň boldy.

Azatlyk Radiosy: Stalingrad ugrundaky söweşiň juda gazaply we elhenç bolandygy aýdylýar. Siziň pikiriňizçe, bu iki sany totalitar döwletiň armiýasy birek-birek bilen çaknyşany üçin boldumyka?

Entoni Biwor: Meniň pikirimçe, hiç bir Günbatar goşuny Stalingrady halas edip bilmezdi. Şol döwür goşuny tertip-düzgünde saklamak üçin, dogrudan hem juda berk çemeleşmelidi. Bu esasan hem urşuň ilkinji ýyllarynda has hem möhümdi. Şol wagt, ähli zat çym-pytrak boljak ýaly bolup görünýärdi.

Soňundan mälim bolşuna görä, Gyzyl goşunyň özi 13 müň 500 sowet esgerini jezalandyryp öldüripdir. Bu, esasan, kontrrazwedka gullugy – SMERŞ we gizlin gulluk – NKWD tarapyndan amala aşyrylýardy. Söweş mahaly esgerleriň gaçmazlygy üçin, olaryň arkasynda ýörite toparlar ýerleşdirilýärdi.

Garaz, bärde mertlik bilen gazaplylyk akyla sygmajak derejede garyşypdy. Esgerleriň jezalandyrylyp öldürilýändigi barada aýylganç maglumatlar bar. Kähalatlarda jeza berýänleriň içgili bolandygy üçin, esgerler talabalaýyk hem atylmandyr. Garaz, her dürli hopukdyryjy maglumatlar duşýar.

Emma bu asla umumylaşdyrylmaly däldir. Stalingraddaky esgerleriň diňe bir berk tertip-düzgün bilen saklanandygyny aýtmak ýalňyş bolar. Şol döwürde adamlaryň uly ideallary bardy, olar özüni gaýgyrman söweşýärdiler.

Men ýene-de bir gezek gaýtalap geçesim gelýär, hiç bir Günbatar armiýasy, bu britan, fransuz ýa-da amerikan goşuny bolsun, tapawudy ýok, Stalingraddan aman çykyp bilmezdi ýa-da olar Wolga derýasynyň çep kenarynda saklanyp bilmezdiler. Emma Gyzyl goşun bularyň ählisiniň hötdesinden geldi.

Azatlyk Radiosy: Men siziň “Stalingrad” kitabyňyza göz aýlanymda bir zat meniň ünsümi çekdi. Ýagny, köp sanly orslar nemesleriň tarapynda söweşipdir...

Entoni Biwor: Umuman, millionlarça ors – ýa-da sowet raýaty diýip alalyň – belli bir ýagdaýda nemesleriň tarapynda söweşdiler. Olaryň aglabasyna “Hiwi” diýilýärdi. Bu nemes diliniň “Hilfswilliger” sözünden gelip çykyp, ol ‘meýletinlilik bilen hemaýat berýän” diýmegi aňladýar.

Emma, olar köp halatlarda öz isleglerine görä hereket etmeýärdiler. Olar zor bilen diýen ýaly lagerlerde hakyna tutulýardy. Ýesirler tussaglykda juda agyr şertlerde saklanylýardy. Olar iş haýwanlary hökmünde ýa-da garymlary gazmak üçin ulanylýardylar.

Käbirleri bolsa özüniňkiler tarapyndan öldüriljekdigini bilip, ellerine ýarag alyp, öz sowetleriniň garşysyna urşup başladylar. Olaryň ykballary barada arhiwlerde onçakly köp maglumat hem ýok. Men olaryň atuw jezasyna höküm edilseler-de, atylman, tä jany çykýança ýenjilendigini hem eşitdim. Öldürilmeli adamlara hatda ok harçlamak-da islenilmändir. Käbir maglumatlara görä, olaryň üstünden tanklar sürlüpdir.

Dogry nemesleriň tarapynda söweşenlerden elhençlik bilen ar alyndy. Bu diňe sowet resmileriniň görkezmesi bilen hem çäklenmeýärdi. Bu şol döwürde Gyzyl goşunyň düzüminde gulluk edýänleriň hem belli bir derejede garaýşydy. Sowet esgerleri nemesleriň tarapynda söweşenlere dünýädäki bolup biläýjek iň elhenç dönükler hökmünde garaýardylar. Hut şu sebäpli-de olar “Hiwislary” ýa-da nemesleriň harby formasyny geýen orslary şeýle uly höwes bilen öldürýärdiler.

Azatlyk Radiosy: 1942-nji ýyla çenli Germaniýa Sowet Soýuzynyň aglaba ýerlerini eýýäm eýeläpdi. Stalingrad şäheri hem belli bir derejede weýran edilipdi. Näme sebäpden nemesler Stalingrad şäherini almak üçin ummasyz serişdeleri çykardylar? Stalingradyň eýelenmegi bilen bir uly harby ýeňiş gazanylýarmydy?

Entoni Biwor: Ýok, asla ýok... Belki-de, haçan Gitlerde Kawkazyň nebit gorlaryny alyp biljekdigine şübhe dörände, Stalingrady eýelemegiň bir harby möhümligi bolup bilerdi. Emma, umuman aýdylanda, Gitleriň bu adaty bolşy, ol Stalingradyň basylyp alynmagyna has uly ýeňşiň bir nyşany hökmünde garaýardy. Bu şäheriň düýp sözi “Stalin” bolansoň, onuň basylyp alynmagy ýeňşiň bir nyşany hökmünde häsiýetlendirilip bilinjekdi.

Gitler her edip, hesip edip, bu şäheri basyp almagy öz borjy hasaplaýardy. Bu hem şol dowam edip gidip otyrdy. Meniň pikirimçe, iň uly elhençlik 1942-nji ýylyň noýabrynda, haçan-da Gitler general Fridrih Wilgelme Stalingrady almak üçin iň soňky synanyşygy etmegi tabşyranda boldy. Şol wagt, dogruan-da, uly elhençlik bolupdy.

Azatlyk Radiosy: Stalingrad Gitler üçin psihiki taýdan bir dartgynlylyk döredipmidi?

Entoni Biwor: Meniň pikirimçe, bu hemmeler üçin psihiki taýdan özgerişlik boldy. Mundan soň Germaniýanyň propagandasy hem başga öwüşgine eýe boldy. Eger-de öň gürrüňsiz ýeňiş barada aýdylan bolsa, indi ýeňlişden soň nemesleriň duçar boljak ykbaly barada gürrüň edilýärdi. Sowet Soýuzyna edilen ähli zatdan soň, ar alşyň juda elhenç boljakdygy eýýäm her kim üçin aýandy. Şonuň üçin hem Germaniýa ahyryna çenli söweşdi.

Azatlyk Radiosy: Soňky döwürde Stalingrad söweşine belli bir derejede üns artyp başlady. Şol wakalaryň belli bir bölegini beýan edýän “Derwezäň agzyndaky duşman” filmi surata düşürildi; şeýle-de meşhur “Call of Duty” kompýuter oýnunda hem Stalingrad wakalary suratlandyrylýar. Siziň pikiriňizçe, bular jemgyýete asyl bolup geçen wakalar barada ýoýlan maglumatlary berýärmi ýa-da tersine muňa ünsi artdyrýar?

Entoni Biwor: Garaz, meniň pikirimçe Stalingrad gaty möhüm bir simwola öwrüldi. Bu ýerlerde elhenç gandöküşlikler bolup geçdi.

Stalingrad esli hekaýalaryň hem döremegine sebäp boldy. “Derwezäň agzyndaky duşman” filmiň režissýory Žan-Žak Annaud bir gezek menden “Entoni, toslamanyň nirede başlanyp, hakykatyň nirede gutarýandygyny kim aýdyp biler?” diýip sorapdy. Men munuň taryh bilen oýun etmek üçin bahana boljagyny ýa bolmajagyny anyk bilemok.

Azatlyk Radiosy: Stalingrad söweşi boýunça Orsýet bilenGermaniýanyň arasyndaky garaýyşlarda ara tapauwt ulumy?

Entoni Biwor: Meniň pikirimçe, iki tarap hem bolup geçen wakalar, olaryň seneleri barada özara ylalaşýarlar. Men bärde uly bir düşünişmezlik bardyr öýdemok. Ýöne, elbetde, her bir tarapyň wakalara berýän öwüşgini tapawutly. Umuman aýdylanda, Ikinji jahan urşuna gatnaşan her bir döwlet bolan wakalary özüçe häsiýetlendirýär.

Sowet tarapy bolan wakalary mertlik nukdaýnazaryndan häsiýetlendirýär. Tertip-düzgüni saklamak üçin görlen berk çäreler, esgerleriň söweş meýdanyndan gaçmazlygy üçin döredilen we söweşýän goşunyň arkasynda ýerleşdirilen ýörite gyryjy toparlar we beýleki zatlar barada sowet we rus taryhynda köp gürrüň edilmeýär. German tarapy bolsa, ýerli parahat ilata edilen zulumlary ýatlaman, duşundan geçirýär. Garaz, her tarap belli bir wakalardan sowa geçýär.

Orsýet Stalingrada mertligiň nyşany, sowet halkynyň faşizmiň üstünden ýeňşi hökmünde baha berýär. Garaz, Orsýetiň bu ugurdaky propagandasy Sowet Soýuzy döwründäkiden köp tapawutlanmaýar.

Meniň pikirimçe, nemes tarapynyň Stalingrad söweşine tragediýa hökmünde garaýan bolmagy mümkin. Islendik nemes kitabyny alyp görseňiz, onuň mazmunynda “tragediýa” sözüni görmek bolýar. Elbetde, oňa Gitleriň Germaniýany we german halkyny uçradan tragediýasy hökmünde baha berilýär. Şeýle-de munuň gereksiz bir ýeňliş bolandygy bellenilýär.
XS
SM
MD
LG