Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlar 11-nji sentýabr hüjümleriniň 11 ýyllygyny belleýär


Birleşen Ştatlar şu gün üç müňe golaý adamy öldüren 11-nji sentýabr terror hüjümleriniň 11 ýyllygyny belleýär.

Dünýä söwda merkeziniň binalarynda öldürilen adamlaryň garyndaşlary bir zaman bu binalaryň duran ýerinde pida bolanlaryň atlaryny okarlar. Ýene bir müň adam şu geçen 11 ýylda goşa diňiň ýykylmagyndan dörän zäherli tozanlar bilen bagly keselçiliklerden öldi.

Pentagonda we Pensilwaniýada, “Al-Kaýda” tarapyndan alnyp gaçylan uçarlaryň ýykylan beýleki iki ýerinde hem ýatlama çäreleri geçiriler.
XS
SM
MD
LG