Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Nýu-Ýorkuň “11-nji sentýabr” muzeýi baradaky dawa çözüldi


Nýu-Ýorkda gurulmaly “11-nji sentýabr” muzeýini bökdän dawa Dünýä söwda merkezine edilen terror hüjüminiň 11 ýyllygynyň öňüsyrasynda çözüldi.

Nýu-Ýorkuň we Nýu-Jersiniň gubernatorlary hem-de Nýu-Ýork şäheriniň meri duşenbe güni ylalaşyga gelendiklerini yglan etdiler. Baha dawasy bu proýektiň gurluşygynyň aýlap gijikmegine sebäp boldy.

Nýu-Ýorkuň milli “11-nji sentýabr” muzeýi başdaky planda sişenbe güni gurlup gutarylmalydy, emma muzeýiň prezidenti bu işiň tamamlanmagy üçin ýene bir ýyldan gowrak wagtyň gerek boljagyny aýtdy.

Bu proýektiň gurluşygynyň 1.4 millard dollar çemesi serişdä düşjegi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG