Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: ABŞ wise prezidente ölüm jezasynyň berilmegine alada bildirýär


Birleşen Ştatlar gaçgaklykdaky wise prezident Tarek al-Haşemä gaýybana ölüm jezasy berlenden soň, Yrakdaky syýasy krizise alada bildirdi.

Yrak sudy ýekşenbe güni Haşemini adam öldürýän topara ýolbaşçy bolmakda günäli tapdy.

Häzir Türkiýede bolýan sünni syýasatçysy özüniň günäli tapylmagyny ret etdi we bu hökümiň syýasy sebäbiniň bardygyny aýtdy. Şeýle-de ol, howpsuzlygy we adalatly sud kepillendirilmese, Yraga dolanyp barmajagyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň sözçüsi Wiktoriýa Nuland duşenbe güni Waşingtonda “ähli taraplarda peýdasyz ritorikanyň we dartgynlylygyň ýokarlanmak ähtimallygyndan” alada bildirdi we yrak liderlerini öz dawalaryny kanunyň hökmürowanlygynyň çäginde çözmegi dowam etdirmäge çagyrdy.

Türkiýäniň premýer ministri Rejep Taýyp Erdogan şu gün özleriniň Haşemini Yraga tabşyrmajagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG