Sepleriň elýeterliligi

Katyn: ABŞ sowet günäsini ýaşyrmaga "kömekleşdi"


Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň sowetlere 1940-njy ýylda Katynda 22 müň töweregi polýagy gyrgyna bermegi bilen bagly günäsini ýaşyrmaga kömek edendigi baradaky aýyplamalary tassyklaýan täze delil tapyldy.

Duşenbe güni ABŞ-nyň Milli arhiwiniň jemgyýetçilige elýeterli edilen dokumentleri Birleşen Ştatlaryň öz ýarany Iosif Staliniň gaharyny getirmek islmändigi baradaky gümany tassyk edýär.

Arhiw dokumentleri amerikan tussaglarynyň 1943-nji ýylda Waşingtona Katyn tokaýynda adam jesetlerini görendikleri barada ýaşryn maglumat iberendiklerini görkezýär.

Amerikan tussaglary ol ýere nasistler tarapyndan, bolan zatlara şaýat bolmaklary üçin eltilipdir. Bu maglumat gyrgynçylygyň nasistler tarapyndan edilmändigini, olaryň bu ýeri soň basyp alandygyny görkezýär.

Orsýet Katyn gyrgynçylygyny diňe 1990-njy ýylda boýun aldy.
XS
SM
MD
LG