Sepleriň elýeterliligi

Kosowa: Obama “Taryhy sepgidi” öwýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Kosowanyň garaşsyzlygyna halkara gözegçiliginiň soňlanmagyny “taryhy sepgit” atlandyrdy.

Obamanyň ýazylan beýanatynda “Kosowa garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmekde we häzirki zaman, köp milletli, öz içine alýan we demokratik döwletiň guramalaryny gurmakda saldamly öňegidişlik etdi” diýilýär.

Günbatar döwletleriniň Halkara ugrukdyryjy topary duşenbe güni özleriniň gözegçiliginiň soňlanýadygyny aýdanda, Kosowa doly özbaşdaklyga tarap ýene bir ädim ätdi.

Bu topar Kosowa 2008-nji ýylda Serbiýadan garaşsyzlygyny bir taraply jar edeli bäri gözegçilik edýärdi.
XS
SM
MD
LG