Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý dawaly adalara patrol gämilerini iberýär


Hytaý Ýaponiýa bilen toprak dawasynyň merkezinde duran adalar toparyna patrol gämilerini iberdi.

Döwlet eýeçiligindäki “Sinhua” habar gullugy sişenbe güni iki sany deňiz gözegçilik gämisiniň, “ýurduň özygtyýarlylygyny kepillendirmek” üçin, Daýoýu adalarynyň golaýyna gelendigini habar berdi. Bu adalara ýaponça Senkaku adalary diýilýär.

Bu gämiler Hytaýyň ýarym harby Deňiz gözegçiligine degişli bolup, olar köplenç ýeňil ýaraglanan bolýar.

Bu habar Ýaponiýa duşenbe güni Gündogar Hytaý deňzine golaý adamsyz adalaryň üçüsini hususy eýelerinden satyn almak barada ylalaşandygyny yglan edenden soň çykdy. Aýdylmagyna görä, ol adalar 26 million dollara satylýar.
XS
SM
MD
LG