Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Somali: Deputatlar akademigi prezident saýladylar


Somaliniň kanun çykaryjylary duşenbe güni 56 ýaşly uniwersitet professoryny ýurduň prezidenti wezipesine saýladylar.

Parlament agzalary ses berişligiň ikinji tapgyrynda Hassan Şeýh Mohamada iş başyndaky prezident Şarif Şeýh Ahmada garanda kän goldaw bildirdiler.

Prezidentlige dalaş edýän 22 kandidatyň 18-si ses berişligiň birinji tapgyrynda bäsleşikden galdy. Bäsleşik galan dört kandidatyň ikisiniň arasynda dowam etdirildi.

Şarif ýeňlenini boýun aldy we Mohamady gutlady.

Somalide 1991-nji ýyldan bäri ýurduň köp bölegine kontrolluk edýän netijeli merkezi hökümet bolmady. Duşenbe güni bolan saýlawa BMG-niň goldamagynda onýyllykalara çeken zorluklary soňlamakda edilen saldamly iş hökmünde garalýar.
XS
SM
MD
LG