Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Ksiniň duşuşyklara gelmezligi gep-gybata sebäp bolýar


Hytaýyň geljekki lideriniň duşenbe güni Daniýanyň sapara gelen premýer ministri bilen bolmaly duşuşygyny ýatyrmagy onuň nirededigi baradaky gep-gürrüňleriň üstüne urna boldy.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi wise prezident Ksi Jinpiň bilen Daniýanyň premýer- ministri Helle Torniňiň arasynda boljak duşuşygy geçen çarşenbede yglan edipdi. Şol gün Ksi ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton, Singapuryň premýer ministri we rus resmisi bilen bolmaly gepleşiklerini ýatyrypdy.

Bu wakalar Hytaýyň kommunist liderleriniň oktýabryň aýagynda boljak gurultaýda häkimiýeti täze nesle tabşyrmaga taýýarlanýan wagtyna gabat geldi. Ksi prezident Hýu Jintaonyň ýerine geçer diýip garaşylýar.

Ksiniň planlaşdyrylan duşuşyklara gelmezligi oňa bir zatlaryň bolan bolmagynyň ahmaldygy barada gep-gürrüňiň ýaýramagyna sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG