Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Yrakly wise-prezidenti bermejegini aýtdy


Yragyň öňki wise-prezidenti Tarek al-Haşemi, Ankara, 10-njy sentýabr, 2012

Yragyň öňki wise-prezidenti Tarek al-Haşemi, Ankara, 10-njy sentýabr, 2012

Hepdäniň sişenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan Ankaranyň, Yragyň Bagdatda ölüm jezasyna höküm edilen gaçgak wise-prezidenti Tarek al-Haşemini bermejegini aýtdy.

Ärdogan Türkiýäniň Haşemini onuň özi näçe islese, şonça-da saklajagyny duýdurdy.

Hepdäniň ýekşenbe güni Yragyň sudy Haşemini öz garşydaşlaryny öldürmek üçin ýaraglanan toparlary döretmekde gunäli tapdy we oňa asyp öldürmek jezasyny berdi.

Yragyň häkimiýetleri Tükiýeden Haşemini bermegi talap edýärler.

Ärdogan Haşemä garşy aýyplamalaryň kanunydygyna şübhelenýänligini aýtdy.

Tarek al-Haşemi özüne garşy edilýän aýyplamalary we suduň çykaran kararyny “syýasata esaslanan” diýip atlandyrdy.

Ol geçen ýylyň dekabr aýynda Yragyň Kürdüstan awtonomiýasyna gaçypdy, regionyň häkimiýetleri ony federal häkimiýetlere bermekden ýüz öwrüpdi. Munuň yzýany Haşemi Katara we Saud Arabystanyna baryp, soň Türkiýä aşypdy.

Häşemi sünni musulman we sünnileriň “Yrakyýa” atly dünýewi toparynyň agzasy. Ol özüne garşy görülýän çäreleriň şaýylaryň köpçüligindäki hökümetiň ar almak boýunça edýän hereketidigini aýdýar.

Ol yraklylara ýüzlenip, ýurduň şaýy premýer-ministri Nuri al-Malikiniň “sektantçylyk” dar çygyrlylygyny ornaşdyrmak synanyşygyny goldamazlyga çagyrdy.

Hepdäniň duşenbe güni Birleşen Ştatlar Yrakda Heşemä çykarylan höküm bilen baglylykda aladalanma bildirdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň wekili Wiktoriýa Nuland “netijesiz ritoriki çykyşlaryň köpelmegine we ähli taraplaýyn dartgynlylygyň güýçlenmegine” aladalanma bildirdi.

Ol şeýle-de Yragyň ähli liderlerini ähli meseleleri kanunyň çäginde çözmäge çagyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG