Sepleriň elýeterliligi

ABŞ 11-nji sentýabr hüjümleriniň ýyl dönümini belleýär


Nýu-jersili Melissa Pullis öz wepat bolan adamsy Edwardyň ady ýazylan ýerde. Nýu-Ýork,11/09/12.

Nýu-jersili Melissa Pullis öz wepat bolan adamsy Edwardyň ady ýazylan ýerde. Nýu-Ýork,11/09/12.

Sişenbe güni Birleşen Ştatlarda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda 3 müňe golaý adamyň başyna ýeten terrorçylykly hüjümleriň 11 ýyllygy bellenilýär.

Nýu-Ýorkda Dünýä söwda merkeziniň ozalky ýerleşýän ýerinde pida çekenleriň garyndaşlary olary ýatlap, olaryň atlaryny okarlar. Şular ýaly çäreler “Al-Kaýda” tarapyndan ele salnan beýleki uçarlaryň gaçan ýerleri bolan Pentagonda we Pensilwaniýada-da geçirilýär.

Amerikan prezidenti Barak Obama bu pajyganyň ýyl dönümini, Pentagona barmazdan öň, Ak tamda belleýär. Pensilwaniýada geçirilýän çärä hem wise-prezident Joe Baýden gatnaşýar.

"Amerika hüjüm eden gutulmaz"

Amerikanyň goranmak ministri Leon Panetta geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň öň ýanynda eden çykyşynda Birleşen Ştatlaryň terrorizmden abanýan howpa öňküsi ýaly hüşgär boljakdygyny aýtdy.

Ol: "Birleşen Ştatlara hüjüm eden, kim bolsa-da, öz almytyny alar" diýdi.

"Biz bu gün bu ýere 11-njy sentýabrda ölenlere, olaryň maşgalalaryna we ähli amerikanlara watanymyza garşy hüjümlerden ägä bolmak barada beren sözümizi täzelemek üçin ýygnandyk. Amerika hüjüm eden hiç bir adam gutulmaz" diýip, Panetta aýtdy.

Geçen 11 ýyllykda “Al-Kaýdanyň” ençeme ýolbaşçysy, şol sanda bu terror ulgamynyň lideri Osama bin Laden öten ýyl Pakistanda gizlenýän ýerine edilen hüjümde öldürildi.

Üstümizdäki hepde hem “Al-Kaýdanyň” häzirki ýolbaşçysy Aýman al-Zawahiri öz orunbasary Abu Ýahýa al-Libiniň iýun aýynda Amerikanyň bir pilotsyz uçarynyň uran zarbasyndan Pakistanda ölendigini tassyklady.

Ýöne öldürilýän “Al-Kaýda” degişli adamlaryň sany artdygyça, Birleşen Ştatlarda 11-nji sentýabr hüjümlerinden ölýänleriň sany hem köpelýär. Duşenbe güni Amerikanyň Professional howpsuzlyk we saglyk boýunça milli inistituty 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda bolan hüjümler bilen baglanyşykly kesellerden ölýän adamlaryň heniz hem yzynyň üzülmeýändigini aýtdy.

Zäherli tozandan müň çemesi adam ňldi

Geçen 11 ýyllykda 1000 töweregi adamyň Dünýä söwda merkezi ýykylyp, ondan ýaýran zäherli tozandan dörän kesellerden ölendigine ynanylýar. Hüjümden sanlyja salym soň ol ýere baran gurluşykçylar, ýangyn söndürijler, polisiýa işgärleri we hüjümiň yzysüre şol töwerekde bolan beýleki adamlar bu pajygadan bäri keselden ejir çekýärler.

Birleşen Ştatlaryň federal hökümeti 11-nji sentýabr saglyk programmasyna girizilen keselleriň sanawyna duşenbe güni rak keseliniň 50 görnüşini goşdy. Bu programma boýunça 70 müň töweregi ýangyn söndüriji, polisiýa işgärleri we beýlekiler öz saglygyny mugt barladyp, keseli bar bolsa, mugt bejerdip bilýärler.

Bu aralykda Nýu-Ýorkyň harajaty babatda ýüze çykan oňuşmazlyk sebäpli işi ençeme aýlap togtadylan 11-nji sentýabr muzeýiniň meselesine-de bir çözgüt tapyldy. Aslynda bu muzeý sişenbe gününe çenli gurlup tamamlanmalydy. Ýöne onuň başlygy bu işe ýene bir ýyldan gowrak wagt gerekdigini aýtdy. Bu proýekte edilýän çykdajy 1.4 milliard dollara barar diýlip çaklanylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG