Sepleriň elýeterliligi

Liwiýadaky hüjümde ABŞ-nyň ilçisi wakanyň pidasy boldy


Sişenbe güni giçlik Liwiýanyň Bengazy şäherindäki amerikan konsullygyna garşy granatamýot bilen edilen hüjümde konsullygyň üç sany beýleki işgäri bilen birlikde, amerikan ilçisi Kristofer Stiwens hem bu hüjümiň pidasy boldy.

Maglumata görä, bu wakada ýaragly adamlaryň bir topary amerikan konsullygynyň binasyna raketa oklaryny atyp we jaýlary ýakyp, ýykan-ýumrançylyklary döredipdir.

Liwiýanyň resmileri bu hüjümiň ýakynda Birleşen Ştatlarda “Musulmanlaryň bigünäligi” ady bilen döredilen bir filme garşy gahar-gazap bilen bildirilen reaksiýa bolandygyny aýdýarlar.

Sişenbe güni Liwiýanyň gonşusy Müsürde-de ýüzlerçe protestçi bu filme garşy protest bildirip, Kairdäki amerikan ilçihanasynyň öňünde demonstrasiýa geçirdi.
XS
SM
MD
LG